img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Mar

BAHREÝNIŇ PATYŞASYNYŇ TÜRKMENISTANA SAPARY TAMAMLANDY

2019-njy ýylyň 19-njy martynda Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy. Özüniň döwlet saparynyň üçünji gününde Belent mertebeli myhman Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi we muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyş boldy. Onuň Alyjenaby Patyşa dünýä ýüzünde şöhrat gazanan nepis türkmen halylaryny aýratyn synlap, olaryň dokalyş aýratynlygyna haýran galdy. Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifa Hormatly myhmanlaryň...

DOWAMY
pic
1 Mar

FRANSIÝADA TEGELEK STOL WE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA DEGIŞLI TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda Parižde Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryna bagyşlanan tegelek stol, şeýle hem birinji Hazar ykdysady forumynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Tegelek stol we tanyşdyryş dabarasy Türkmenistanyň Ilçihanasy we Türkmenistan-Fransiýa Söwda edarasy bilen bilelikde gurnaldy. Tegelek stola we tanyşdyryş dabarasyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary, Ýewropanyň işleri we daşary işler ministrliginiň, Fransiýa...

DOWAMY
pic
22 Few

SEULDA TÜRKMEN–KOREÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ 7-NJI MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde söwda, ykdysady, ylmy, we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen–koreý toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alyşdylar we birnäçe ylalaşyklar gazandylar. Şeýl...

DOWAMY
pic
20 Few

21-nji fewralda Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-owgan gepleşikleri geçiriler

Şu gün agşam Owgan Yslam Respublikasynyň Prezidenti türkmen paýtagtyna resmi sapar bilen geldi. 21-nji fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler geçiriler. Ýokary derejede geçiriljek bu duşuşyk iki ýurduň hyzmatdaşlygyny berkitmegiň we ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüler. Iki döwletiň halklaryny bolsa köpasyrlyk dostluk däpleri, taryhy kemala gelen ruhy-me...

DOWAMY
pic
20 Few

OWGANYSTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2019-njy ýylyň 20-nji fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Aşgabat şäherine resmi sapar bilen gelýär. Saparyň çäklerinde 21-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda duşuşyk meýilleşdirilýär. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň liderleri syýasy, söwda-ykdysady, ulag, energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-owgan gatnaşyklarynyň geljekki ösüşi...

DOWAMY
pic
19 Few

Milli synçylaryň 284-si saýlawlaryň barşyna monitoring geçirerler

Şu gün Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň möheltinden öň çykyp gidenleriniň ýerine saýlawlar boýunça dowam edýän jemgyýetçilik-syýasy çäresine indiden beýläk okruglaryň ählisinde saýlawlara taýýarlyga monitoring geçirjek milli synçylar hasaba alyndy. Olara degişli şahadatnamalar berildi. Ozal habar berlişi ýaly, okruglaryň ählisinde bir ýere birnäçe dalaşgär hödürlenýär, bu bolsa saýlawlary giň bäsleşikler esasynda geçirmek ýörelgelerine laýyk gelýär we ýurdumy...

DOWAMY
pic
19 Few

AŞGABATDA “DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA SPORTUŇ TUTÝAN ORNY” ATLY MEDIA-FORUMY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 19-njy fewralynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginiň “Sport” myhmanhanasynda “Durnukly ösüş ugrunda sportuň tutýan orny” atly media-forum geçirildi. Media forumyň işine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň press-attaşeleri, şeýle...

DOWAMY