img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Few

TÜRKMEN TÜRGENI GYLYÇLAŞMAK BOÝUNÇA AÇYK ÇEMPIONATDA ALTYN MEDALY EÝELEDI

2019-njy ýylyň 17-nji fewralynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we kadetleriň arasyndaky Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak Konfederasiýasynyň açyk çempionatynda ildeşimiz Jumanazar Döwletnazarow altyn medala mynasyp boldy. Ýetginjekleriň we kadetleriň arasynda Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak boýunça Konfederasiýasynyň açyk çempionaty täze sebitleýin düzüm tarapyndan geçirilen ilkinji halkara ýaryşdyr. Ýaryşa 150 türgen, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Täjigista...

DOWAMY
pic
18 Few

TÜRKMEN WEKILIÝETI ISPANIÝA PATYŞALYGYNYŇ MADRID ŞÄHERINDE IŞ SAPARYNDA BOLÝAR

2019-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň fewral aýynyň 21-ne çenli dowam etjek Ispaniýa Patyşalygynyň Madrid şäherine iş sapary başlady. Saparyň ilkinji güni türkmen wekiliýeti Ispaniýanyň Oba hojalyk we azyk senagaty boýunça Baş sekretary, TYPSA kompaniýasynyň Prezidenti, Cobra kompaniýasynyň Baş direktory, şeýle hem Amiantit kompaniýasynyň Baş direktory bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň barşynda oba hojalygyna we senagat pudagyna degişli meseleler...

DOWAMY
pic
18 Few

Türkmen diplomatiýasy: halkara meseleleri çözmegiň hyzmatynda

Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanyp, «Türkmen diplomatiýasy: halkara meseleleri çözmegiň hyzmatynda» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri, ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary we beýlekiler gatnaşdylar. Ýygnan...

DOWAMY
pic
16 Few

2016-2020-NJI ÝYLLAR ÜÇIN ÖSÜŞ MAKSATLARYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNYŇ MILLI ÝOLBAŞÇYLYK EDIJI HEM-DE UTGAŞDYRYJY KOMITETINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky 2016-2020-nji ýyllar üçin ösüş maksatlarynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň Milli ýolbaşçylyk ediji hem-de utgaşdyryjy komitetiniň (ÖHÇM) maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkm...

DOWAMY
pic
16 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-ÝAPON SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa departamentiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary bölüminiň başlygy Tomiýamo Mikitonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň başynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýeten sepgitleri barada pikir alyşdylar. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan dürli der...

DOWAMY
pic
15 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň bilelikde gurnamaklarynda «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli diplomatiýanyň dabaralanmagy» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärler...

DOWAMY
pic
13 Few

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa iş sapary

2019-njy ýylyň 11–14-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Germaniya Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolýar.  Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, wekiliýet Türkmen-german işewürler forumyny hem-de milli ykdysadyýetiň degişli pudak edaralarynyň wekilleriniň Germaniýanyň degişli hökümet we hususy guramalary bilen gepleşikleri geçirmekden ybarat. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky g...

DOWAMY