SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan — Ýaponiýa: dostluk gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Ýaponiýa ugradylýan wekiliýetiniň agzalarynyň öňünde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri goýdy. Milli Liderimiz türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň netijeli, okgunly we dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Günüň dogýan ýurdunyň döwletimiziň ygtybarly işewür hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady....
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA SAPARY DOWAM EDÝÄR
2019-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary hanym Abe Toşikonyň arasynda geçirilen duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikler...
Taryhy-medeni mirasyň we ýörelgeleriň waspy žiwopis eserlerinde
Türkmenistanyň Şekillendiriş muzeýinde “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” atly ýylyň şygaryna bagyşlanan žiwopis we amaly-haşam işleriniň sergisi açyldy. Serginiň guramaçylary ýurduň şu günki gazananlarynyň aňyrsynda onuň beýik taryhynyň we köpasyrlyk ýörelgeleriniň ýatandygyny nygtamagy niýet edinipdirler. Sergini Türkmenistanyň halk nakgaşy Aman Kulyýewiň “Parfiýa natýumorty” suraty açýar. Ol çekiliş usuly babatda plakata golaý. Şeýle tilsim onuň ýordumynda Günorta – Türkmenistan arheologik...
YSRAÝYL DÖWLETINDE TÜRKMEN-YSRAÝYL SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji martynda Ysraýylda Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ysraýyl tarapyndan geňeşmelere Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Ben Swi ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirdiler we syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugta...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ WENA ŞÄHERINDE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERI BARADAKY KOMISSIÝASYNYŇ 62-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 14-15-nji marty aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň neşe serişdeleri baradaky Komissiýasynyň nobatdaky 62-nji sessiýasynyň isine gatnaşdy. Komissiýanyň gün tertibiniň esasy meseleleri bolan neşe serişdeleriň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanşygy boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler neşe serişdelerine gözegçilik etmek boýunça halkara ulgamynyň geljekde hem pugtalandyrylmagyna, BMG-niň neşe serişdeler...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY PEKINDE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASYNY GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň HHR-ki Ilçihanasy Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň rektorlygy bilen birlikde tanyşdyryş dabarasyny we baýramçylyk konsertini geçirdi, şeýle hem birinji Hazar Ykdysady forumy, Türkmenistanyň GDA-da, AHHG-da başlyklyk etmegi we Halkara Nowruz güni mynasybetli kabul edişlik hem-de hödür-kerem dabarasyny geçirdi. Tanyşdyryş dabarasynyň açylyşynda Türkmenistanyň HHR-ki Ilçisi çykyş etdi, ol öz çykyşynda halkara işlerine i...
TÜRKMENISTANDA BENIN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI IŞE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Benin Respublikasynyň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara şäheri) jenap Issiradju Gomina Ibrahimi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we Türkmenistanyň we Benin Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we işjeňleşdirmek boýunça ýadaws...