SOŇKY HABARLAR
Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ýokary ösüş depginine eýe boljakdygyny çaklaýar
Şu ýylyň 26-njy martyndan 9-njy apreline çenli makroykdysady ösüşe we maliýe ýagdaýlaryna baha bermek üçin hem-de Türkmenistanyň yk-dysady syýasatyny, şeýle hem ählumumy ykdysady wehimleri ara alyp maslahatlaşmak üçin hanym Natali Tamirisanyň ýolbaşçylygynda Halkara pul gaznasynyň topary Aşgabatda boldy. Bu iri düzümiň wekilleriniň nobatdaky saparynyň dowamynda döwlet dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, işewür toparlaryň, maliýe ulgamynyň we diplomatik bileleşigiň wekilleri bilen geçirilen...
PEKINDE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň HHR-ki Ilçihanasynyň binasynda Hytaýyň öňdebaryjy işewürler toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Awazada geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna (HYF) bagyşlanan tegelek stol hem-de Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Geçirilen çäräniň barşynda oňa gatnaşan HHR-iň kompaniýalarynyň wekillerine Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary, biziň ýurdumyzyň halkara işlerine, aýratyn hem sebitleýin we sebit...
AŞGHABATDA SUW MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-OWGAN UTGAŞDYRYJY TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-12-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky suw-hojalyk meseleleri boýunça Utgaşdyryjy toparyň üçünji mejlisi geçdirildi. Öňki duşuşyklaryň ikisi Aşgabat şäherinde we Kabul şäherinde üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda serhetýaka suw hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi we berkidilmegi boýunça meseleleriň giň toplumyna seretmek hem-de ara alyp maslahatlaşma...
MOSKWADA «HAZAR – MÜMKINÇILIKLERIŇ DEŇZI» ATLY HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynda «Hazar – mümkinçilikleriň deňzi» ady bilen Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Rus işewürleriniň, bilermenleriň we ylmy jemgyýetiň, Moskwada akkreditirlenen diplomatik korpusyň wekillerini tegelek stoluň başyna jemlän maslahat şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň taýýarlygyna bagyşlandy. Maslahatyň guramaçylary ykdysadyýet we innowasiýalar, energetika, ulag, ekologiýa, saglygy gor...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny we polipropileni satyn aldylar. Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni, T...
Maý aýynda Kerki aeroportunyň gurluşygyna başlanylar
Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde aeroportyň gurluşygyna taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar. Döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň gündogar sebitinde täze aeroporty gurmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, raýat awiasiýasy düzüminiň gurluşygynda baý tejribe toplan «Gündogdy» hususy kärhanasyna tabşyryldy. Kompaniýanyň amal eden iri taslamalarynyň biri hem Türkmenabatdaky Halkara aeroportunyň gurluşygydyr. «Gündogdy» HK sagatda 100 ýolagça hyzmat e...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÄZE ŞÄHERIŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe etrabynyň çäginde guruljak Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň — täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini şöhlelendirýän Türkmenistanyň milli syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň görnetin mysaly bolup durýandyr. Dabaraly çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň başlygy we deputatlar, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolb...