SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
D.S.AMANGELDIÝEW hakynda Dädebaý Saparowiç Amangeldiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 12-nji apreli.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Ç.H.PURÇEKOW hakynda Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 12-nji apreli.
TÜRKMENISTAN — OWGANYSTAN: SUWDAN PEÝDALANMAKDA HYZMATDAŞLYK
Şu gün «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Suw meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-owgan utgaşdyryjy toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Iki günlük çärä Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Garagumderýasuwhojalyk» birleşiginiň, şeýle hem Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň suwhojalyk önümçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Owganystanyň wekiliýetiniň düzüminde Energetika we suw serişdeleri ministrl...
TÜRKMENISTAN DAŞARY SYÝASAT STRATEGIÝASYNY IŞJEŇLEŞDIRÝÄR
Şu günki Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň birinji çärýeginde ministrlik tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Biziň Bitarap Watanymyz daşary ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Mälim bolşy ýaly, halkara hyzmatdaş...
GURLUŞYGY GUTARAN DESGALAR DÖWLET TOPARY TARAPYNDAN KABUL EDILER
Şu günki Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz beýleki möhüm meselelere ünsi çekip, senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna döwletimiziň köp serişdeleri goýberýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz soňky döwürde käbir desgalaryň möhletinden gijikdirilip gurulýandygyna, beýlekileriniň bolsa, hasapdan-hasaba berilmän, eýesiz galýandygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Myradow hem-de maliýe we ykdysadyýet minis...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we amala aşyrylan işlere baha berildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Şeýle hem mejlise parlamentiň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň...
Gaýnarbaba — türkmen topragynyň tenekar gözelligi we jomartlygy
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji aprelde geçirilen giňişleýin hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmenistan — ro-waçlygyň Watany» şygary bilen geçýän şu ýylda ýurdumyzyň üstünliklerini hem-de ýeten sepgitlerini giňden we hemmetaraplaýyn beýan etmegiň, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çäreleriniň we beýleki medeni dabaralaryň ýokary derejede guralmagynyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi, bu çäreler türkmen halkynyň täsin mirasyny Ýer ýüzünde wagyz etmäge gönükdirilendir. Türkm...