SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan keselleriň öňüni almakda güýçli hem-de yzygiderli öňdeligi üçin BSGG-niň ýokary bahasyna mynasyp boldy
Şu gün türkmen paýtagtynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň howandarlygynda geçirilen “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ýokary derejeli Ýewropa maslahaty öz işini tamamlady. Ýurdumyzyň Hökümeti hem-de BSGG-niň Ýewropa sebiti tarapyndan guralan maslahata daşary ýurt hünärmenleri, ýokary derejeli bilermenler, BSGG-niň Ýewropa sebitiniň ýurtlaryndan lukmançylyk hem-de ylmy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Habar berlişi ýaly, maslahatyň dowamynda...
AŞGABATDA ÝOKANÇ DÄL KESELLER BOÝUNÇA BSG-NIŇ ÝEWROPA SEBITINIŇ ÝOKARY DEREJELI MASLAHATY ÖZ IŞINI ÜSTÜNLIKLI TAMAMLADY
2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabatda Ýokanç däl keseller boýunça BSG-niň Ýewropa sebitiniň «Ýewropada durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça wezipeleriň çözülmegi» atly ýokary derejeli maslahaty öz işini üstünlikli tamamlady. Maslahatyň ikinji gününde oňa gatnaşyjylar ýurtlaryň we halkara guramalarynyň, aýratyn hem BMG-niň edaralary we hökümete dahylly bolmadyk guramalar bilen strategiki hyzmatdaşlygyň wajyplygy hakynda gürrüň etdiler. Bu ugurd...
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy kiçi futbol boýunça talyplaryň arasynda ýaryş gurnady
Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen kiçi futbol boýunça ýaryş Bütindünýä saglyk gününe bagyşlandy. Sport çäresini ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasy gurady. Kiçi futbol boýunça talyplar bäsleşigi Ploýeşti şäheriniň «Green Arena» stadionynda geçirildi, oňa Rumyniýanyň dürli şäherlerinden türkmen ýaşlarynyň 50-den gowragy geldi. Çekeleşikli, dartgynly geçen ýaryşda Ploýeşti şäherindäki Nebit we gaz uniwersitetiniň topary ýeňiş gazandy. Ikinji orny...
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşyjylara
Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, ilatyň saglygyny goramakda, dürli k...
TÜRKMENISTANYŇ YRAK RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Serdarmämmet Saparmämmedowiç Garajaýew Yrak Respublikasynyň Prezidenti jenap Barham Salehe Türkmenistanyň Yrak Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Abu-Dabi şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy.
ŽENEWADA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewa bölüminiň binasynda Türkmenistanyň Ženewadaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy boýunça birifing geçirildi. BMG-niň Ženewa bölüminiň binasynyň Türkmen otagynda geçirilen brifinge Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň Ilçileri, Hemişelik wekilleri, şeýle hem beýleki ýurtlaryň Ilçileri we wekilleri...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ WE BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ ÝEWROPA SEBITINDÄKI BÝUROSYNYŇ WEKILLERI GELJEKKI HYZMATDAŞLYGY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Ýewropa sebitiniň ýokanç däl keseller boýunça ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen, Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitindäki býurosynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi hanym Piroşka Ostlin bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hanym Piroşka Ostlin saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň alyp barýan işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. BSG ýokanç däl keselleriň meseleleri...