SOŇKY HABARLAR
DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şarifzoda Farruh Homiddin bilen duşuşygy geçirildi. Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň aýratyn nygta...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-ÖZBEK HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2019-njy ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Akmaljon Kuçkarow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyna seredip geçdiler we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň sazlaşykly pugtalandyrylýandygy bellenilip geçildi. Taraplar yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň zerurlygyny tassyklamak bilen, hoşniýetl...
Pudagara toparyň mejlisi
Şu gün Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Gün tertibine şu ýylyň birinji ýarymynda bu düzümiň alyp baran işleriniň netijeleri, «Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2019 — 2021-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň hereketleriniň milli meýilnamasynyň hem-de Çaganyň irki ösüşi boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin T...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Iwan Iwanowiç KUZMINI Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegine goşan şahsy goşandy üçin, şeýle hem Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmeginde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň Ba...
TÜRKIÝEDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY
2019-njy ýylyň 10-njy iýulynda Türkiýe Respublikasynyň Siwas şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Dabara Türkiýe Respublikasynyň köp sanly medeniýet we sungat işgärleri, taryhçylar, sungatşynaslar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Döredijilik çäresiniň çäklerinde ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi öz işine başlady. Şäheriň kongres binasynda...
AŞGABATDA ONLAÝN-KHBS-DE IŞLEMEGIŇ BAŞARNYKLARY BOÝUNÇA TÄLIM OKUWY GEÇIRILÝÄR
10Iýul 2019-njy ýylyň 10-njy iýulynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan onlaýn-KHBS-de işlemegiň başarnyklary boýunça tälim okuwy öz işine başlady. Okuwa Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, şeýle hem sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de metbugatyň wekille...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mähriban halkyna, zähmetsöýer babadaýhanlaryna, edermen gallaçylaryna
Mähriban halkym! Edermen gallaçy babadaýhanlar! Sizi berkarar ýurdumyzda galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilip, 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň öndürilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny arzuw edýärin! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen daýhanlarynyň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertleriň döredilmegi, olary...