SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň daşary syýasaty — Durnukly ösüş maksatlary ýolunda parahatçylyk söýüjilik strategiýasy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn döwlet syýasaty netijesinde, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döredijilikli daşary syýasy ugruny durmuşa geçirýär. Ata Watanymyz döwletara derejede netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen, köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny g...
MEDENIÝET — TÜRKMENISTANYŇ SYÝASATYNYŇ STRATEGIK UGRY
Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň öňünde durýan wajyp wezipeleri kesgitläp, şolary ýerine ýetirmek üçin täze, döwrebap çözgütleri gözlemegiň zerurdygyny nygtady. Medeniýetiň ösdürilmegi durmuş-ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugry, türkmen jemgyýetiniň strategik serişdesi bolmak bilen, milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Çünki halkyň ruhy gymmatlyklary...
GDA ÝURTLARYNYŇ ALYMLARY WE OBA HOJALYK BILERMENLERI TÜRKMENISTANYŇ GALLAÇYLYK PUDAGYNDA GAZANANLARYNY BELLEDILER
Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde gallaçylyk pudagynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan maslahat geçirildi, oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikjleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara oba hojalyk kompaniýalarynyň, alymlaryň we oba hojalyk önümlerini öndürijileriň wekilleri, ýobaşçylary, bilermenleri, şeýle hem şu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Çäräniň öň ýanynda gurnalan sergide ýurdumyzyň seçgiçileriniň ýetişdiren däne-kösükli we gök ekinlerini...
Aşgabatda onlaýn - köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri üçin seminar başlandy
Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝeHHB-niň Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda žurnalistler üçin onlaýn-köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işlemek başarnygyny öwredýän üç günlük okuwlar başlandy. Seminar «Jemgyýetçilik bilen gatnaşyklara jogapkär döwlet edaralarynyň žurnalistleriniň we hünärmenleriniň hünär başarnygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmek» taslamasynyň çäklerinde geçirilýär. Oňa ýurduň esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda internet-neşirleriniň wekiller...
TÄHRANDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna görülýän taýýarlyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Eýranyň Söwda, senagat, şahtalar we oba hojalyk Edarasynyň (EYR SSE) ýardam bermeginde maglumat beriji brifing geçirdi. Çärä EYR-nyň SSE-nyň, Daşary işler ministrliginiň, Senagat, magdan we söwda ministrliginiň, Ýol we şäher gurluşygy ministrliginiň, Eýranyň söwdany ösdürmek guramasynyň, haza...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN HYZMATDAŞLYGY ÇUŇLAŞDYRMAGYŇ DERWAÝYS MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
2019-njy ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministri R.Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ž.Asanow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylýandygyny belläp geçdiler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky türkmen-gazak gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Di...
THE ISSUES OF TURKMEN-KYRGYZ INTERACTION WERE DISCUSSED AT THE MFA OF TURKMENISTAN
On the 11th of July 2019, the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan R.Meredov had a meeting with the Chargé d’affairs ad interim of the Kyrgyz Republic in Turkmenistan A.Isayev. During the meeting, the parties discussed a number of current issues including the implementation of previously reached agreements and exchanged views on the priorities for the development of bilateral cooperation The parties considered the ways of intensifying political-diplomatic contacts and stressed the n...