SOŇKY HABARLAR
Gallaçylaryň ýokary zähmet üstünligi — azyk bolçulygynyň kepili
Türkmenistanyň gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Türkmenistan gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdudyr. Häzirki döwürde topraga aýawly garamak däpleri täze many-mazmuna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça oba hojalygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler aýdyň netijesini berýär. Daýhanlara...
Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Egil Lewitse Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlagyny ýollady. Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Latwiýa Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Latwiýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw...
Türkmenistan — Italiýa: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar
Şu gün Mejlisde Italiýa Respublikasynyň parlamentiniň Deputatlar palatasynyň wise-prezidenti Ettore Rozatonyň ýolbaşçylygynda iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Myhmanlar Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan okgunly ösüşine has uly itergi berýän, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler bilen baglylykda, milli parlamentiň düzümi hem-de...
Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek başlandy
Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Buýruga gol çekip, 2019-njy ýylda welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine, orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklady. Şol resminama laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 8-nji iýul — 17-nji awgust aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny şolaryň ýerleşýän ýerinde geçirmek bell...
Türkmen pälwanlarynyň iki medaly
Madridde 5 — 8-nji iýulda Ispaniýanyň «Gran-pri» halkara ýaryşy geçirildi. Oňa dünýäniň 47 ýurdundan güýçli türgenleriň 200-den gowragy gatnaşdy. Bu ýaryşda Türkmenistana dürli agram derejelerinde çykyş edýän türgenleriň üçüsi wekilçilik edip, olar tutanýerli göreşiň barşynda bir altyn we bir kümüş medallary gazandylar. Şeýlelikde, Balkanabat şäheriniň sport mekdebiniň tälimçisi Batyr Borjakow (70 kilogram) öz agram derejesinde bäsdeşlerinden üstün çykyp, hormat münberiniň ýokarky basgança...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-ITALÝAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Italiýa Respublikasynyň Parlamentiniň deputatlar palatasynyň Wise-prezidenti Ettore Rozatonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky özarabähbitli türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatla...
AŞGABATDA TÜRKMEN-BAHREÝN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň halkara işleri boýunça orunbasary Doktor Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar gazanyla...