SOŇKY HABARLAR
DAŞOGUZDA MIGRASIÝA GULLUGYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ MAŞGALALARY TÄZE JAÝA GÖÇÜP BARDYLAR
Daşoguzda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň tabşyrygy bilen gullygyň işgärleriniň maşgalalary üçin gurlan täze jaý ulanylmaga berildi. 16 öýli dört gatly binany “Nowruz” etrapçasynda hususy kärhananyň hünärmenleri gurdular. Täze jaýda Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň maşgallary üçin amatly şertler döredilen. Giň otaglar amatly ýerleşdirilipdir, hersinde aýnalanan eýwanlar we kömekçi jaýlar, mebeli ýetik aşhana bar. Jaýyň gurluşygynda we bezeginde ekologiýa taýdan arassa serişdeler u...
BAKUDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingiň barşynda türkmen tarapy çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek boýunça başlangyçlary, şeýl...
«HAZAR» TALYPLAR TOPARY KRASNODARDA GEÇIRILEN FUTBOL ÝARYŞYNA GATNAŞDY
Kuban döwlet uniwersitetiniň (Krasnodar, RF) sport toplumynda Russiýanyň we daşary ýurtlaryň birnäçesiniň talyplar ýygyndy toparlarynyň arasynda futbol boýunça V ýaryş geçirildi.Türkmenistanyň Astrahandaky Konsullygynyň ýardam bermeginde döredilen “Hazar” topary ýurdumyza wekilçilik etdi, onuň hatarynda Krasnodar ülkesiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplarymyz çykyş etdielr. Toparymyz ýarym finala çykdy, ýöne has güýçli garşydaşlary olara finala çykmaga maý bermediler. Beýik Ý...
Sanly ölçeg enjamlaryny öndürýän «Takyk tilsimatlar» HJ önümlerini daşary ýurt bazarlaryna çykarmagy maksat edinýär
?Takyk tilsimatlar» kompaniýasy ýurtda senagat hajatlary üçin sanly ölçeg enjamlaryny çykarýan ýeke-täk kärhanadyr. Ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11 ýyllygy mynasybetli geçirilen bäsleşigiň netijesi boýunça bu telekeçilik düzümi innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda öňdebarjy gurama diýlip ykrar edildi. Bu hususy kärhananyň takyklygy ýokary enjamlaryny “Himiýa Senagat”, “Ak Toprak” kärhanalary, Türkmenbaşy dokma toplumy we beýleki kärhanalar satyn aldylar....
ÝELENA PANOWA: TÜRKMEN KÖLÜNI DÖRETMEK BOÝUNÇA TOPLANAN TEJRIBE MERKEZI AZIÝANYŇ BEÝLEKI SEBITLERINDE IŞJEŇ ULANYLAR
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Ýelena Panowa Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine üns berýändigi üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, bu köpýyllyk gatnaşyklaryň netijeli we okgunly häsiýete eýedigini nygtady. Bellenilişi ýaly, täze obanyň gurluşygyna badalga berilmegi «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde degişli düzümi ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň yzygiderli amala aşyrylýandygyny ala...
TÜRKMEN KÖLÜNIŇ GOLAÝYNDA TÄZE DURMUŞ-ÖNÜMÇILIK TOPLUMYNYŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüşiniň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim ädildi. Bu «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy bolup durýandyr. Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutany ýadygärlik ýazgysyny goýdy we ol kapsula ýerleşdirildi, bu bolsa täze toplumyň desgalarynyň biriniň binýadyna goýuldy. Şeýle hem bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we...
TÜRKMENISTANYŇ RUMYNIÝADAKY ILÇIHANASY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ GEÇIRILMEGINE BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Buharestiň Ykdysady ylymlar akademiýasy bilen bilelikde bu ýokary okuw jaýynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan “Hazar deňzi sebitindäki häzirki ykdysady wehimler we mümkinçilikler – türkmen tejribesi” atly tegelek stol gurnady. Bu çärä Akademiýanyň ýolbaşçylary, halkara işewürlik we ykdysadyýet fakultetiniň hem-de beýleki fakultetle...