img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Maý

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy

Onuň Alyhezreti,  Türkmenistanyň Prezidenti  jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa  Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!  Sizi Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen gutlaýaryn. Biziň umumy taryhymyzyň gahrymançylykly sahypalary hakyndaky röwşen ýatlamalaryň ynsanlaryň kalplarynda hemişelik saklanyp galjakdygyna ynanýaryn.  Biz ähtiýalan duşmana garşy söweşlerde wepat bolanlaryň hakydalarynyň öňünde baş egýäris. Dünýäni faşizmden halas eden Beýik Watançylyk urşunyň ähli weteranlaryna söweş meýdanlar...

DOWAMY
pic
10 Maý

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer, ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň baş edarasyndan gelip gowşan hoş hab...

DOWAMY
pic
9 Maý

ŞEKILLENDIRIŞ MUZEÝINIŇ SERGISI: BIZ ÝEŇIŞ BILEN GAÝDYP GELDIK!

9Maý Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Ýeňiş baýramyna bagyşlanan sergisine gelenler eserler bilen tanyşlygy Arslan Muhadowyň “Kakamyň portreti. 1943-nji ýylyň tomsy” suratyndan başlaýarlar. Nazaryň biygtyýar maglumatlar ýazgysynda eglenýär: nakgaş 1951-nji ýylda doglupdyr – diýmek, kakasy uruşdan sag-aman dolanyp gelipdir, surat pederi urşa gitmezden öň alnan surat boýunça 1985-njy ýylda çekilipdir. Onda harby lybasly ýaş ýigidiň nurana keşbi şekillendirilipdir. Suratyň ý...

DOWAMY
pic
9 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE KATAR DÖWLETINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞUK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen biziň ýurdumyza gelen Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Naser Al Taniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşuk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky deňhukuklylyk we özarahormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan işjeň gat...

DOWAMY
pic
9 Maý

AŞGABATDA BMG-NIŇ IÝMIT WE OBA HOJALYK GURAMASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen BMG-niň Iýmit we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň FAO bilen oba hojalygynyň durnukly ösüşi we azyk howpsuzlygynyň saklanylmagy üçin çärel...

DOWAMY
pic
9 Maý

AŞGABATDA MERKEZI AZIÝANYŇ SEBITLEÝIN EKOLOGIK MESELELERI BOÝUNÇA MERKEZINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkeziniň (CAREC) ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawy goramak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi ulgamyndaky meseleleriň g...

DOWAMY
pic
9 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WATANDAŞLARYMYZY BEÝIK WATANÇYLYK URŞUNDA GAZANYLAN ÝEŇŞIŇ 74 ÝYLLYGY BILEN GUTLADY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna  Eziz halkym!  Hormatly uruş weteranlary!  Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi giňden dabaralandyrýan şanly senedir. Şoňa görä-de, biz «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda Ýeňiş baýramyny medeni-je...

DOWAMY