SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GAZAGYSTANYŇ ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK HAKYNDA
2019-njy ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ž.A.Asanow bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtadylar we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi dogrusynda pikir alyşdylar. Duşuşygyň a...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ RUSSIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN TELEFON ARKALY GEPLEŞIGI
29-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi, onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şu ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine ýokary baha berdiler. Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz D...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura sapary dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura amala aşyran döwlet saparynyň üstünliklere beslenmegi türkmen-singapur gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda täze eýýamyň başlangyjyny alamatlandyrýandygyny aýdyp bolar. Saparyň dowamynda ýakyn onýyllyklar üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň depginlerini kesgitleýän möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Türkmen Lideriniň Singapuryň ýolbaşçylary bilen duşuşygyna heniz taýýarlyk görülýän döwürde, ol dünýäniň habarlar agentlikleriniň gyz...
Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmegiň ilkinji tapgyrynyň jemleri
Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny we 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşiň Gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça Iş toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Iş toparynyň agzalary, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça Meýletin milli synynyň tanyş...
TÜRKMENISTAN DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGI UGRUNDAKY IŞLERINI DOWAM EDÝÄR
2019-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurtda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň we 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegi boýunça Iş toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçyla...
Türkmenistanly artistler halkara gözden geçirilişinde çykyş etdiler
Samarkantda geçirilýän «Şark taronalari-2019» («Gündogar owazlary») XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň birinji gününde dürli ýurtlardan folklor toparlarynyň birnäçesi, şol sanda Türkmenistana wekilçilik edýän «Arçabil» topary çykyş etdiler. Artistlerimiz folk stilinde özboluşly kompozisiýalaryň üçüsini ýerine ýetirdiler. Dutar, gyjak, akkordeon we deprek sazyna Guwanç Ýazmämmedowyň aýdan aýdymy gyzgyn garşylandy, olar türkmen artistleriniň ýerine ýetiren her aýdymyny şowhunly el çarpm...
Türkmenistanyň wekilýeti Hytaýyň Szilin welaýatynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow «Hytaý – Demirgazyk-Gündogar Aziýa» 12-nji EKSPO çärelerine we forumyň meýdançasynda guralan «Ahal-teke bedewleri we Ýüpek ýoly» sergisine, türkmen-hytaý dostlugyna bagyşlanan sergä we iki ýurduň atçylyk medeniýetiniň Festiwalyna gatnaşdy. Sebit EKSPO-syny HHR-yň täjirçilik ministrligi, Ösüş we özgertmeler baradaky Döwlet komiteti, Daşary söwda ýardam etmek baradaky Geňeş we Szilin welaýatynyň hökümeti guradylar. 22-nji awgus...