img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Okt

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ MASLAHATY

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky ýedinji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we döwletimiziň kanunçylyk hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, birnäçe kanunlar we kanunçylyk-hukuk namalary kabul edildi. Maslahatyň işine birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ça...

DOWAMY
pic
5 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUMYZYŇ SEBITLERINE WE PAÝTAGTYMYZA GÖZEGÇILIK EDÝÄN WEZIPELI ADAMLARY BELLEDI

?Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we...

DOWAMY
pic
11 Sen

RUMYNIÝANYŇ PARLAMENTINDE TÜRKMEN MEDENI WE SUNGAT IŞLERINIŇ SERGISINIŇ AÇYLYŞY

2019-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda Rumyniýanyň parlamentiniň binasynyň “Konstantin Brankuşi” atly zalynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Rumyniýa-Türkmenistan parlamentara dostluk topary bilen bilelikde türkmen medeni we sungat işleriniň milli sergisini guradylar.  Serginiň açylyş dabarasynda Parlamentiň deputatlary, Buharestde akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Rumyniýanyň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleri, ylmy we medeni...

DOWAMY
pic
11 Sen

SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DÖWLET MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2019-njy ýylyň 10-11-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Ministrler Kabinetiniň agzasy, Döwlet ministri Emir Turki bin Muhammed bin Fahad bin Abdulaziz Al Saudyň ýolbaşçylygyndaky Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar. Şu gün, 11-nji sentýabrda ýokary derejeli myhmanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwe...

DOWAMY
pic
10 Sen

TÜRKMENISTANDA GEÇIRILJEK SPECA GÜNLERINIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY ÜÇIN ŽENEWADA SPECA ÝURTLARYNYŇ IÇLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda BMG-niň Ženewadaky Bölüminiň Türkmen otagynda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) Dolandyryş geňeşinde we Ykdysady forumynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde SPECA-nyň  2019-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçiriljek günleri bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen SPECA ýurtlarynyň Içleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda BMG-niň Ýewropa ykdysady kom...

DOWAMY
pic
9 Sen

DIM-DE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde ileri tutýan ugurlaryndan gelip çykýan başlangyçlaryň we teklipleriň durmuşa geçirilmeginde taraplaryň özarahereketlerine aýratyn ähmiýet berildi. Hususan-da parahatçylygyň, howpsuzlygyň saklanylmagy we hal...

DOWAMY
pic
30 Awg

UNESCAP-YŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA BMG-NIŇ ARAL DEŇZI BASSEÝNI ÜÇIN ÝÖRITE MAKSATNAMASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 29-njy awgustynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň ştab-kwartirasynda Heläkçilikleriň howpuny peseltmek boýunça Komitetiň altynjy sessiýasynyň barşynda geçirilen «Daşky gurşaw we heläkçilik: Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde boşluklaryň doldurylmagy» atly ugurdaş çäräniň çäklerinde BMG-niň Aral deňzi basseýni üçin Ýörite maksatnamasynyň (UN SPAS) tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä BMG-niň agza-ýurtlarynyň wekiliýetler...

DOWAMY