SOŇKY HABARLAR
«SYÝAHATÇYLYK WE GEZELENÇ» ATLY HALKARA SYÝAHATÇYLYK SERGISINE WE MASLAHATA GATNAŞYJYLARA
Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi gojaman Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu serginiň we maslahatyň üstünlikli geçmegini arzuw edýärin! «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralýan bu giň möçberli çäräniň dünýäniň syýahatçylyk ulgamynda möhüm ähmiýete eýe boljakdyg...
SERGEÝ LEBEDEW TÜRKMENISTANYŇ GDA-DA BAŞLYKLYK ETMEGINIŇ ÇÄKLERINDE AŞGABAT ŞÄHERINDE ÇÄRELERIŇ ÝOKARY DEREJEDE GURAMAÇYLYKLY GEÇIRILENDIGINI BELLEDI
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Öz adymdan we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Geňeşiniň ХХIХ mejlisine gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan Size şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabat şäherinde çäreleriň ýokary derejede guramaçylykly geçirilendigi we däbe öwrülen myhmansöýerlik görkezilendigi üçin tüýs ýürekden hoşal...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wýaçeslaw Beskostyny kabul etdi, ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna rowaçlyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Belarusuň ygtybarly hyzmatdaş bola...
TÜRKMENISTANDA DÜNÝÄ SYÝAHATÇYLYK PUDAGYNYŇ ÖŇDEBARYJYLARYNYŇ HER ÝYLKY DUŞUŞYGY GEÇIRILÝÄR
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara sergi we maslahat açyldy. Hazaryň kenarynda her ýyl geçirilýän foruma Türkmenistanyň öňdebaryjy syýahatçylyk kärhanalarynyň hem-de bu ulgamda ýöriteleşdirilen, Awstriýadan, Germaniýadan, Bolgariýadan, Polşadan, Türkiýeden, Kanadadan, Hindistandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Hytaýdan we beýleki ýurtlardan gelen 70-e golaý kompaniýanyň wekilleri gatnaşýarlar. Häzirki döwürde syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek ug...
NAÝYPDA GAZY GAÝTADAN IŞLEÝÄN ENJAM DÖWREBAPLAŞDYRYLÝAR
Lebabyň suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça önümçilik müdirliginiň işgärleri Naýypda we Bagajada gazy gaýtadan işleýän enjamlaryň işe girizilen gününden bäri Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodyna 1,5 million tonnadan gowrak uglewodorod kondensatyny iberdiler. SNGIZ-de bu strategik çig maldan dünýä bazarlarynda islegli ýokary hilli açyk reňkli nebit önümleri çykarylýar. Gazy gaýtadan işleýän konweýeriň işe girizilmegi bilen Naýypda we Bagajada gazy gaýtadan işlemekden alynýan millionlarça...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OWGANYSTANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Najibulla Alihili kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň mähirli salamyny hem-de doganlyk türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, goňşy ýurtda...
BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞLERI BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ (UNHCR) 70-NJI SESSIÝASYNA TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY BARADA MAGLUMAT
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň baştutanlygyndaky wekiliýet 2019-njy ýylyň 7-11-nji oktýabry aralygynda BMG-niň Ženewadaky binasynda geçirilýän BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 70-nji sessiýasyna gatnaşýar. Sessiýany BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň (UNHCR) başlygy, Alžiryň Ilçisi jenap Buejema Delmi açdy. Giriş sözünden soňra sessiýanyň açylyşynda BMG-niň Baş s...