SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI UKRAINANYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY ÝOLLADY
2020-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýe Tähran şäheriniň golaýynda «МАУ» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň köp sanly adam pidalaryna getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny ýollady.
TÜRKMEN WEKILIÝETI «HEIMTEXTIL 2020» SERGISINE GATNAŞÝAR
2020-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde «Heimtextil 2020» atly dokma önümleriniň halkara sergisini öz işine başlady. Sergä Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden we ýurdumyzyň telekeçilerinden ybarat bolan wekilçilikli topary gatnaşýarlar. Bu halkara sergisi her ýylyň ýanwar aýynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde ýerleşýän «Messe Frankfurt» sergiler merkezinde geçirilýär. Bu ýyl...
WATANÇYLYK, EDERMENLIK WE RUHUBELENTLIK MEKDEBI
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Jemgyýetçilik-syýasy, harby-taryhy we ylmy-usuly neşir ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegi, giň jemgyýetçiligi Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan harby özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen tanyşdyrmagy ugur edinýär. Makalalaryň awtorlarynyň hatarynda ençeme ýyl...
TÜRKMENABADYŇ ÝÜPEK GURÇUGYNYŇ TOHUMYNY TAÝÝARLAÝYŞ ZAWODY GURÇUK ÇIG MALYNYŇ ÖNDÜRILIŞINI ARTDYRAR
?Lebapýüpek» ÖB-niň Türkmenabatdaky ýüpek gurçugynyň tohumyny taýýarlaýyş zawodynyň toplumlaýyn durkuny täzeleýiş işleri tamamlandy. Täze sehleriň ikisi guruldy, hereket edýän tehnologik enjamlar döwrebaplaşdyryldy, bu bolsa önümçiligi amatlaşdyrmaga we kärhananyň işgärleriniň iş şertlerini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi. Mälim bolşy ýaly, Amyderýanyň kenaryndaky şäheriň ýüpek gurçugynyň tohumyny taýýarlaýyş zawody – bu ugurdan Türkmenistanda ýeke-täk kärhanadyr. Onuň binýadynda «Lebapýüpek...
Çärjew etrabynda täze ÝGB işe girizildi
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda täze ýylyň öň ýanynda işe girizilen täze ýangyç guýujy beket ilkinji müň awtomobile hyzmat etdi. Ol Faraba barýan ýoluň ugrunda ýerleşendir we gije-gündiziň dowamynda 750 awtomobile hyzmat etmäge niýetlenendir. Iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bekedi «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Lebapdaky hojalyk hasaplaşykly abatlaýyş-gurluşyk uçastogynyň hünärmenleri gurdylar. Bu ýerde ýangyç guýujy kolonkalaryň dördüsi, şeýle hem tehniki taýdan hyzmat ed...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwlet Rozymyradowiç Jumaýew Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary Arman Muhammetnazarowiç Gurbanowyň üstüne ýüklenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkiminiň orun...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ý.Gurbanow hakynda Ýazmuhammet Gurbanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 6-njy ýanwary. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ç.Çarlyýew hakynda Çarygeldi Çarlyýewi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkimi wezipesinden bo...