img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Noý

TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA III HALKARA FESTIWALY BADALGA ALDY

Şu gün paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Ol medeni syýasatyň amala aşyrylmagyna, milli mirasymyzyň giňden wagyz edilmegine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda geçirilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan sahna sungatynyň forumy Aşgabatda dünýä döwletleriniň 12-sinden, şol sanda Owganystandan, Eýrandan, Italiýadan, Gazagystandan, Pakistandan, Russiý...

DOWAMY
pic
19 Noý

AŞGABAT SAHNASYNDA «MASGARABAZLAR» OPERASY GÖRKEZILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda Rujero Leonkawallonyň «Masgarabazlar» operasynyň premýerasy üstünlikli geçdi. Tomaşaçylaryň arasynda III Halkara teatr festiwalyna gatnaşýanlar-da bardy. ...Meşhur giriş sazy ýaňlanýar, perde galdyrylýar, sahnada kiçeňräk italýan obasynyň keşbi janlanýar, oba arabada sergezdan wäşiler gelýärler. Ilat gezende aktýorlar bilen salamlaşýar. Toparyň hojaýyny Kanio adamlary agşam boljak oýna çagyrýar. Masgarabaz Tonio Kanionyň aýaly Nedda ara...

DOWAMY
pic
19 Noý

WERA BAZAROWA WE WLADIMIR MKRTUMOW XIX ASYR ŞAHYRLARYNYŇ GOŞGULARYNA ROMANSLAR BILEN TOMAŞAÇYLARY BEGENDIRDILER

?Türkmenistan» kinokonsert merkezinde rus romansyna bagyşlanan tapgyrdan ilkinji konsert boldy. Wera Bazarowa rus şygryýetiniň Altyn asyr diýlip atlandyrylan XIX asyr şahyrlarynyň goşgylaryna romanslary ýerine ýetirdi. Sazly-şahyrana agşam Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň roýalda sazandarlyk etmeginde Pýotr Bulahowyň meşhur «Ýatlamalarymy oýarma» eseri bilen açyldy. Wera Bazarowa temblere baý we ýürek törüne ýetýän ajaýyp owazy bilen diňleýjileri özüne maýyl etdi. Ol r...

DOWAMY
pic
19 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NEBITGAZ TOPLUMYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda nebitgaz toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutup, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa söz berdi. Wise-premýer nebitgaz senagatynda işleriň ýagdaýy h...

DOWAMY
pic
18 Noý

HYTAÝDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITAPLARYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Pekinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» we «Türkmen Alabaýy» atly kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy, şeýle hem «Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda türkmen milli we medeni mirasynyň şöhlelendirilmegi» atly ylmy maslahaty geçirildi. Agzalan çärelere Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, Hytaýyň ozalky Türkmenistandaky Ilçileri, daşary ýurtlar bilen Hytaý H...

DOWAMY
pic
18 Noý

AŞGABATDA “SPEKA GÜNLERI” BAŞLANDY

2019-njy ýylyň 18-nji noýarbynda Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasyna (SPEKA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýokary derejeli çäreler başlandy. “SPEKA günleriniň” açylyşy SPEKA-nyň durnukly ulag, üstaşyr we birleşme boýunça Iş toparynyň mejlisi hem-de söwda syýasaty boýunça ýokary derejeli “tegelek stoly” bilen başlandy. Agzalan çärelere SPEKA-nyň gatnaşyjy-ýurtlarynyň, ýagny, Azerbaýjanyň, Owganystanyň,...

DOWAMY
pic
18 Noý

TÜRKMENISTAN WE KUBA RESPUBLIKASY ÖZRABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE YGRARLYDYRLAR

2019-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Alfredo Nýewes Portuondo (ýerleşýän ýeri Baku ş.) bilen duşuşyk geçirildi. Dostlukly häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-kuba gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny hem-de iki ýurduň d...

DOWAMY