SOŇKY HABARLAR
ÝURDUMYZYŇ DEMIRGAZYGYNDA IRI ÝYLADYŞHANA HOJALYGY IŞE GIRIZILMÄGE TAÝÝARLANYLÝAR
Daşoguz welaýatynda ýylboýy işleýän döwrebap ýyladyşhana toplumlarynyň sany barha artýar. Görogly etrabynda döwlet tarapyndan uzak möhletleýin kärendesine berlen ýerde ýurduň Senagatçylar we telekeçielr birleşmesiniň agzasy «Altyn gala gurluşyk» hususy kärhanasy täze ýyladyşhanany işe girizmäge taýýarlaýar. Şahsy kärhananyň ugurdaş ikinji desgasy bäş gektar meýdany tutýar. Onuň gurluşygynda ýokary ýylylyk saklaýjy we uzak möhletleýin ulanylýan serişdeler ulanyldy. Ýyladyşhanada oturdylan e...
STAMBUL UNIWERSITETINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABYNYŇ TÜRK DILINDÄKI NUSGASYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Stambul uniwersitetinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy, Stambul şäherindäki Baş konsullygy, TÜRKSOÝ türki medeniýetiň halkara guramasy we Stambul uniwersiteti Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ikinji kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdiler. Dabara Stambul uniwersitetiniň rektory Mahmut Ak, uniwersitetiň talyplary we mugallymlary, TÜRKSOÝ guramasynyň başlygynyň orunbas...
ÇAGANYŇ HUHUKLARY HAKYNDAKY KONWENSIÝANYŇ KABUL EDILMEGINIŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Çaganyň huhuklary hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli çäre geçirildi. Bu çärä UNICEF-yň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, Türkmenistanyň Bilim ministri M.Geldinyýazow, UNICEF-yň hünärmenleri, DÖM-nyň ýaş ilçileri, ýurdumyzda akkreditirlenen beýleki halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalar...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-NORWEGIÝA GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINE SEREDILDI
2019-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Norwegiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Ýörite wekili Eýwind Nordsletten bilen duşuşyk geçirildi. Gyzgyn garşylamalar bilen başlanan duşuşykda taraplar türkmen-norwegiýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejeli syýasy-diplomatik gepleşikleriň işjeňleşdirilmeginiň şeýle-de ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň wajypdygy bellenildi. Mundan başga-da, şu ýylda O...
TÜRKMENISTAN WE ÝB ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE YGRARLYLYGYNY TASSYKLADYLAR
2019-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian iki günlik iş sapary bilen Aşgabat şäherine geldi. Şol gün P.Burianyň Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda ÝB-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň geosyýasy nukdaýnazaryndan ähmiýeti bellenildi. Taraplar “açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň ÝB-niň ähli ýurtlary bilen dostlukly hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini nygtadylar....
MINSKDE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞ BINASYNDA TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baş binasynda GDA-nyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik Doly ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň yz ýany bilen, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen «GDA ga...
«BAGTYÝARLYK DÖWRÜNIŇ TEATR SUNGATY» ATLY III HALKARA FESTIWALA GATNAŞYJYLARA
Hormatly halkara festiwala gatnaşyjylar! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen topragynda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalynyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, ylhamyňyzyň elmydama gaýnap joşmagyny arzuw edýärin. Sizi erkinligiň, bagtyýarlygyň, raýdaşlygyň, rowaçlygyň dabaralanýan mekanynda — myhmansöýer türkmen topragynda, dünýäniň teatr sungatynyň n...