TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENSTAN BILEN HALKARA ATOM ENERGIÝASY AGENTLIGIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYK UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen Halkara Atom Energiýasy Agentligiň Baş direktory M.Grossiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu Agentligiň Baş binasynda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň işjeň alnyp barylýandygyna oňyn baha berdiler. Şeýle hem IAEA tarapyndan dolandyrylýan halkara resminamalaryň ähmiýetine üns berildi. Şol bir wagtyň özünde, saglygy goraýyş, azyk howpsuzlygy we oba hojalygy ugu...
KATARDA TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY AÇYLDY
2023-nji ýylyň 20-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Katara döwlet saparynyň çäklerinde Doha şäherinde Türkmenistanyň Ilçihanasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaraly çärä daşary ýurtlaryň Katardaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle-de ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Ilçihananyň açylyş dabarasynda Watanymyzyň ýaşyl tugy belende galdyryldy we Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Resmi açylyş dabarasyndaky çykyşlarda nygtalyşy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KATAR DÖWLETINE DÖWLET SAPARY
2023-nji ýylyň 19-20-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet sapary boldy. 20-nji martda günüň birinji ýarymynda «Sheraton Grand Doha Resort and Convention» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum guramalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirildi. Işewürlik çäresine Kataryň Söwda-senagat edarasynyň, Işewürler assosiasiýasynyň, “Delta Group”, “Turnkey Trading and Contracting”, “Sh...
YSLAM HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLER GEŇEŞINIŇ 49-NJY MEJLISI ÖZ IŞINI TAMAMLADY
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 16-17-nji martynda Nuakşot şäherinde, Mawritaniýada geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrler geňeşiniň 49-njy mejlisiniň işine gatnaşýar. “Araçyllyk: howpsuzlygyň we durnuklygyň açary” şygary bilen geçirilýän mejlisiň jemleýji güni Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryndan gelen wekiliýet ýolbaşçylarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Öz ge...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI YSLAM HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞÝAR
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 16-17-nji martynda Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň paýtagty Nuakşot şäherinde geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 49-njy mejlisiniň işine gatnaşýar. Mejlisiň dowamynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy we beýleki ugurlar boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Mundan başga-da, mejlisiň gün tertibinde Yslam Hyzmatdaşlyk...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 16-njy martynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde şu gezekki sammitiň ähmiýetini bellediler hem-de sebit derejesindäki wajyp meseleler boýunça pikir alyşdylar. Özbegistanyň TDG-niň...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 16-njy martynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdan daşary sammitine hormatly myhman hökmünde çagyrylan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly ýurduň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamyny hem-de türk halkyna iň gowy arzuwlaryny...