RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
31 Mar

ZYGYNDYLARY NOL DEREJESINE GETIRMEK BOÝUNÇA BMG BA-NYŇ ÝOKARY DEREJELI MASLAHATYNA TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY

2023-nji ýylyň 29-30-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýork şäherinde iş sapary bilen boldy. Saparyň esasy maksady Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ugrunda özgerdiji gural hökmünde zygyndylary nol derejesine getirmek boýunça BMG BA-nyň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmakdan ybaratdy. 29-njy martda öz saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary BMG-niň Baş Sekretarynyň köme...

DOWAMY
pic
30 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WEZIPESINI ÝERINE ÝETIRIJINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ý. ý. Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletde doganl...

DOWAMY
pic
29 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY GEŇEŞMELER BARADA

2023-nji ýylyň 29-njy martynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplaryň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşit Meredow we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Bahtiýor Saidow ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şol sanda öň ýetilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bir...

DOWAMY
pic
28 Mar

ÝUNESKO-NYŇ BAŞ EDARASYNDA ARKADAG ŞÄHERINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçisi we Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky Hemişelik wekili M.Çaryýew ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň Afrika we daşary gatnaşyklar boýunça orunbasary Firmin Eduard Matoko bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda döredijilikli we netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň amaly taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki derejesi bilim, medeniýet, ylym we tehnologiýa ýaly ugurl...

DOWAMY
pic
25 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 24-nji martynda  Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öňde boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda GDA-nyň synçylar toparyna ýolbaşçylyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. 26-njy martda geçiriljek milli parlamentiň deputatlarynyň, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakadygyny Türkmenistanyň Prezidenti belled...

DOWAMY
pic
24 Mar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GDA-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Arkadagymyz GDA-nyň synçylar toparynyň 26-njy martda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. GDA-nyň Baş sekretary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar...

DOWAMY
pic
23 Mar

TÜRKMENISTAN UKRAINA YNSANPERWER KÖMEGI IBERDI

Türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, ynsanperwerlik we raýdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, 2023-nji ýylyň 22-nji martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky hossarlyga mätäç çagalara kömek haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ukrain halkynyň çagalaryna ynsanperwer ýüki iberildi. Ukraina iberilen ynsanperwer ýüki derman serişdelerinden we lukmançylyk enjamlaryndan, dokma we dürli azyk önümlerinden ybarat.

DOWAMY