SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK BOÝUNÇA HALKARA ÝAŞLAR FORUMY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýaşlar forumy geçirildi. Forum BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýasyny ýerine ýetirmek maksady bien guraldy. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Bilim ministrli...
TÜRKMENISTANDA MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ AGZALARYNYŇ ILKINJI SAÝLAWLARY GEÇIRILDI
Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, şeýle hem Halk Maslahatynyň karary esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hem-de döwletimiziň demokratik esas...
TÜRKMEN SKRIPKAÇYSY JEMAL AGAJANOWA HALKARA BÄSLEŞIGINDE BAÝRAKLY ORNA MYNASYP BOLDY
Fransiýanyň Nissa şäherinden ajaýyp habar gelip gowuşdy – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kirişli saz gurallary kafedrasynyň ikinji ýyl talyby Jemal Agajanowa mart aýynyň dowamynda onlaýn görnüşde 30 ýurduň sazandalarynyň gatnaşmagynda geçirilen halkara bäsleşikde «skripka» ugrundan II orna mynasyp boldy. 18-20 ýaşlylar toparynda çykyş eden Jemal bäsleşikde Wolfgang Amadeý Mosartyň 5-nji Konsertiniň birinji bölegini ýerine ýetirdi. Konsertmeýsteri – halkara bäsleşikle...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we ýurdumyzda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Meredow Bişkek şäherindäki B.N.Ýelsin adyndaky gyrgyz-rus Slawýan uniwersitetinde okuw sapagyny geçirdi. Bu okuw sapagyna uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Okuw sapagynyň dowamynda Ilçi Ş.Meredo...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝAPON KOMPANIÝALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYGY
2021-nji ýylyň 25-nji martynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon toparynyň ýapon tarapyndan Başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow hem-de «Sumitomo Corporation» ýapon kompaniýasynyň direktory Gota Iwanami hem gatnaşdylar. Gepleşikleriň barşynda, hususan-da...
HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNYŇ ÇÄKLERINDÄKI SÖWDA WE MAÝA GOÝUMLARYNA GOLDAW BERMEK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI TOPARYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 25-nji martynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň çäklerindäki söwda we maýa goýumlaryna goldaw bermek boýunça ýokary derejeli toparyň 8-nji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.A.Gurbanow, rus tarapyna bolsa Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary D.W.Wolçaw ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar söwda-ykdysady ugurda özara hereketleri ösdürmegiň mesel...
OYR-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASY TARAPYNDAN ONLAÝN-BRIFING GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 25-nji martynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan «Owganystanyň parahatçylyk prosesi: häzirki ýagdaýy, meseleleri we çözgütleri» atly onlaýn-brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, parahatçylyk gepleşiklerinde Owganystanyň Hökümetiniň wekiliýetiniň başlygy Mohammad Masum Stanikzaý, Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Han Wali Han Başarmal,...