SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN TÜRK GEŇEŞINIŇ DÖWLETLERI BILEN ULAG WE ARAGATNAŞYK BABATDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ TARAPDARY
Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (Türk Geňeşiniň) şu ýylyň 31-nji martynda geçirilen resmi däl Sammitinde özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda durnukly ösüş nukdaýnazaryndan, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda özara hereketleri giňeltmegiň ähmiýetini jikme-jik beýan etdi. Sebit we halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça Tükmenist...
TÜRKMENISTANYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASY BILEN STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGYNYŇ ESASY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde Moskwada Russiýa Federasiýasynyň döwlet düzümleriniň, şeýle-de söwda-ykdysady, energiýa, himiýa senagaty, oba hojalygy we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Saparyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň, “Hormatly akademik N.F.Gamaleýa adyndaky epidemiologiýa we mikrobiolo...
MOSKWADA SEBITLEÝIN HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN PUDAGARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde Moskwada sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn pudagara geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler minisritiniň orunbasary W.Hajiýew, rus wekiliýetine – RF-niň daşary işler minisritiniň orunbasary A.Rudenko ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň barşynda sebitleýin howpsuzlyk we ony pugtalandyrmak babatynda özara hereketleriň ileri tutulý...
TIFA-NYŇ NOBATDAKY ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy martynda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky çarçuwaly ylalaşygyň (TIFA) Geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, şeýle-de ABŞ-nyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli wekiliýetleri gatnaşdylar. Mundan başga-da mejlis...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANDA PARAHATÇYLYK KADALAŞDYRYŞ PROSESINIŇ HAS HEM ILERLEDILMEGI ÜÇIN YGTYBARLY YKDYSADY ESASYŇ DÖREDILMEGINIŇ ZERURLYGYNY TASSYKLAÝAR
2021-nji ýylyň 30-njy martynda Duşanbede göni we sanly ulgam arkaly «Aziýanyň ýüregi – Stambul prosesi» Dokuzynjy maslahatyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Mejlise Stambul prosesiniň gatnaşyjy-ýurtlarynyň hem-de goldaýan ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şol sanda mejlise halkara guramalarynyň hem wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler minist...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNA BAŞLYKLYK EDIJILERIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy martynda Moskwada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-rus toparynyň iş duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda iki döwletiň arasynda ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine seredildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk öz çykyşynda Hökümetara toparyň döwletara hyzmatdaşlygyň t...
GAZAGYSTANDA TÜRKMEN TALYPLARY BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 29-njy martynda, 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan watandaşlarymyz we Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary üçin onlaýn-duşuşyk gurnaldy. Çäräni açmak bilen, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepow “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän...