TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE “TÜRKMENISTAN - ABŞ” IŞEWÜRLIK GEŇEŞINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Türkmenistan - ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz E.Stýuart bilen mähirli salamlaşyp, dostlukly türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine esasy orun berilýär. Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony...
TÜRKMENISTAN TARAPYNDAN BSG-NA GOŞULÝAN ÝURT («IŞJEŇ SYNÇY») DEREJESINIŇ ALYNMAGY BARADA ŽENEWADAN MAGLUMAT
2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) binasynda geçirilen BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda BSG-niň döredilmegi hakynda Marakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň BSG-na goşulmagy baradaky arzasyna seredildi. Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekili Baş geňeşiň mejlisiniň işine gatnaşdy we BSG-niň agza-ýurtlarynyň öňünde Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan çykyş etdi. Öz çykyşynda Türkmenista...
TÜRKIÝEDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “AK ŞÄHERIM AŞGABAT” ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň, Türkiýäniň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň we Malatýadaky Inönü uniwersitetiniň bilelikde guramagynda 2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Malatýa şäherinde “Halkyň Arkadagly Zamanasy” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň we ýurdumyzy wasp edýän fotosuratlaryň we medeni gymmatlykl...
«DIALOG-PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI» ATLY ONLAÝN MASLAHATY
2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen «Dialog-parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylýan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasyny döretmek baradaky başlangyjynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýetini çuňlaşdyrmaga hem-de Milli Liderimiziň parahatçylyk senasyny giňişleýin wagyz etmäge bagyşlanyp, «Dialog-parahatçyly...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇTATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY
2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz dostlukly ýurduň iri sebitiniň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygynyň okgunly we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şol hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklaryň...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HHR-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 21-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýazan hatyny gowşurdy. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň adyna ýollan hatynda Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň wekiliýetiniň golaýda Pekine...
DIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistandaky diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň gazet-žurnallaryn...