TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKENTDE GEÇIRILEN BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MASLAHATYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 3-4-nji martynda Daşkentde Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň (HBM) 10 ýyllygyna bagyşlanyp «BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin hyzmatdaşlygy» atly ýokary derejeli Halkara maslahat geçirildi. Çärede Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýüzlenmesi hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň wideoýüzlenmesi diňlenildi....
TÜRKMENISTANYŇ WE ABŞ-NYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER ÖZ IŞINI DOWAM ETDI
2022-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeler iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly öz işini dowam etdi. Duşuşykda bellenilişi ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň derwaýys söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Iri amerikan kompaniýalary türkmen bazarynda ulag, ýangyç-energetika toplumy, farmasewtika...
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY DÜZÜM BIRLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY SAÝLAWLARY GEÇIRMEK IŞLERINE GATNAŞÝAN HÜNÄRMENLER ÜÇIN OKUW-MASLAHATYNY GEÇIRDILER
2022-nji ýylyň 2-nji martynda paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynda Türkmenistanda saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek işlerine gatnaşýan döwlet edaralarynyň wekilleri üçin okuw-maslahaty geçirildi. Ol saýlawlara taýýarlyk görmekde we ony geçirmekde milli hünärmenleriň tejribesini kämilleşdirmäge bagyşlanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň ýardam bermeginde guraldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D...
TÜRKMENISTANYŇ WE ABŞ-NYŇ ARASYNDA HER ÝYL GEÇIRILÝÄN MASLAHATLAŞMALARYŇ NOBATDAKY TAPGYRY BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 1-nji martynda göni wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry başlandy. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi Donald Lu ýolbaşçylyk etdiler. Şeýle-de duşuşyga iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar. Çykyşla...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞLYGYNYŇ – ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNYŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde golaýda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna baha bermek üçin GDA-nyň synçylarynyň missiýasynyň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary L.W.Anfimowyň baştutanlygyndaky GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 12...
KHBS ÜÇIN MAGLUMAT
Şu gün, 27-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik korpusy bilen duşuşyk geçirdi. 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly meseleleriň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmagy göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky duşuşygyň esasy temasy boldy. Beýan edilişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň Prezidentiniň saýlawlaryna gör...
TÜRKMENISTAN BILEN TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA GATNAŞYKLARY GIŇELTMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2022-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministri Mehmet Muş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ýokary döwlet derejesindäki özara ynanyşykly syýasy dialogyň esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň depginine kanagatlanma bilen ýokary baha berdiler. Iki halkyň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna itergi be...