TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY TÜRKMENISTANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY
2022-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki Prezident...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, iki ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ikitaraplaýyn bähbitlere laýyk gelýän özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar. Prezident Wladimir Putin milli Liderimizi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda döwletiň we...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün, 15-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutany bilen mähirli salamlaşyp, Merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilen, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň täze Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi. Şunda milli Liderimiz işini Tü...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2022-nji ýylyň 15-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki ýurduň Liderleri birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, Türkmenistanyň we Özbegistanyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassykladylar. Özbegistanyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy giň bäsleşik esasynda Prezident saýlawlaryn...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TELEFON ARKALY GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN GEPLEŞDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gazagystanyň Baştutany milli Liderimizi Türkmenistanyň oňyn ösüşini we jemgyýeti demokratiýalaşdyrmagyň ugruny görkezen Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Gazagystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda soňky ýyllarda tanalmaz derej...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2022-nji ýylyň 15-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Täjik Lideri döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine nobatdan daşary saýlawlaryň üstünlikli geçirilendigi bilen gutlady. Şu syýasy çäre türkmenistanlylaryň agzybirligini, jebisligini hem-de raýatlyk borçlaryna ygrarlydygyny görkezdi. Pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň Baştutany Emomali...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNY PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň barşynda Gyrgyzystanyň Baştutany milli Liderimizi nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň giň bäsleşik esasynda üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi döwletimiziň türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga ygrarlydygyny aýdyň görkezdi. Döwlet Baştutanymyz dostlukly döwletiň ýolbaşçy...