SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY MERKEZINIŇ AÇYLMAGYNYŇ 20-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylmagynyň 20-ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, şeýle hem ÝHHG-niň agza-ýurtlarynyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri bolan ÝHHG-niň, ÝB-niň hem-de BMG-niň jogap...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY
ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Gremingeriň Türkmenistana saparynyň çäklerinde onuň Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň esaslandyrylan gününiň 20-ýyllygy mynasybetli gutlaglaryna minnetdarlyk bildirip, jenap Greminger Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn ösüşe, şeýle hem sebit derejesinde, edil şonuň ýaly-da global ölçeglerinde parahatçylygyň we ösüşiň saklanylmagyna gönükdirile...
TÜRKMENISTAN — FRANSIÝA: ÖZARA BÄHBITLI IŞEWÜR HYZMATDAŞLYGYŇ IŞJEŇLEŞMEGI
Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça nobatdaky wezipelere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Žan-Batist Lemuanyň baştutanlygyndaky uly wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlise iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda pudaklaýyn ministrlikleriň w...
TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA ÖZARA BÄHBITLI IŞEWÜR HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY KESGITLEDI
2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça nobatdaky wezipelere garaldy. Mejlise gatnaşmak üçin Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Žan-Batist Lemuanyň baştutanlygyndaky uly wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlise iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda puda...
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BILEN GELÝÄR
2019-njy ýylyň 16-18-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmegi meýilleşdirilýär. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Liderleriniň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçiriler.
ÝHHG-NYŇ MERKEZI AZIÝADAKY WEKILHANALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SEBITLEÝIN DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygynyň açylyşy boldy. Duşuşyga ÝHHG-nyň Sekretariatynyň wekilleri, ÝHHG-nyň Merkezi Aziýadaky meýilnamalaýyn edaralarynyň wekilleri, ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň wekilleri, ÝHHG boýunça utgaşdyryjylar, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýadaky wekilýetleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň degişli edarala...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASAT UGRUNA BAGYŞLANAN BRIFING
2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat ugruna bagyşlanan brifing geçirildi, oňa milli hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri çykyş etdiler, olar birfinge gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän daşary syýasat ugry, dü...