img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Maý

Türkmenistanda X Halkara gaz kongresi geçirilýär

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi (TGС — 2019) öz işine başlady. Energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze itergi bermek maksady bilen, ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän iri ýöriteleşdirilen forumy «Türkmengaz» döwlet konserni gurady. Ençeme ýyllaryň dowamynda kongres dünýäniň gaz senagatynyň ýagdaýyny hem-de geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy çäre bolup hyzmat edýär. Bu iri möçberli çäräniň ýokary derej...

DOWAMY
pic
21 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Başlygyny, Slowakiýa Respublikasynyň daşary we ýewropa işleri ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki Başlygy, Slowakiýa Respublikasynyň daşary hem-de ýewropa işleri ministri Miroslaw Laýçagy kabul etdi. Myhman hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ÝHHG-niň Baş sekretarynyň hem-de Slowakiýanyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirip, ýolbaşçylyk edýän halkara guramasynyň mö...

DOWAMY
pic
21 Maý

Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresine gatnaşyjylara

Halkara gaz kongresine gatnaşyjylar!  Mähriban adamlar! Ilki bilen siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk we abadançylyk, kongresiň işine bolsa üstünlik arzuw edýärin. Garaşsyz ýurdumyzda asylly däpleriň birine öwrülen, indi ençeme ýyllardan bäri guramaçylykly geçirilýän Halkara gaz kongresiniň netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de pugtalandyrmak...

DOWAMY
pic
21 Maý

TÜRKMENISTAN WE GRUZIÝA DÜRLI UGURLARDA IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYNY GIŇELDÝÄRLER

2019-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Gruzin wekiliýetine türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwtisiaşwili ýolbaşçylyk etdi.  Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ulag-tehnologiýa ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de iki dostlukl...

DOWAMY
pic
21 Maý

TÜRKMENISTAN WE ÝHHG KÖP UGURLY HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMÄGE YGRARLY

2019-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki başlygy we Slowakiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri boýunça ministri Miroslaw Laýçagyň ýolbaşçylygyndaky ÝHHG-nyň wekiliýeti bilen duşuşuk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady-ekologik we ynsanperwer ugurlar boýunça Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasyndaky köp ýyllyk oňyn häsiýetli hyzmatdaşlygy kanagtlanma bilen bellediler. ...

DOWAMY
pic
21 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ HALKARA GURAMALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN PARIŽDE BOLAN DUŞUŞYKLARY

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti 2019-njy ýylyň 20-21-nji maý aralygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (YHÖG) ýolbaşçylygynyň çakylygy boýunça Parižde iş saparynda boldy.   Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň Baş direktory Anhel Guriýa tarapyndan kabul edildi, şeýle-de  bu guramanyň beýleki ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar guraldy. Duşuşyklaryň barşynda taraplar ýurdumyz bilen b...

DOWAMY
pic
20 Maý

Daşoguzly halyçylar gadymy gölleriň esasynda owadan halylary dokaýarlar

Daşoguzyň çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsazdaky şahamçasynyň halyçylary “Togrul göli” ady bilen tanalýan täzeden dikeldilen “Gumly gölüni” täze haly dokalanda ulandylar. Gadymy göllere meňzedilip dokalan halynyň sary-mele reňk öwüşginleri agdyklyk edip, olar güneşli ülkämiziň özboluşly gözelligini, ýaz aýlary dürli güllere bürelýän uç-gyraksyz Garagum çölüni ýada salýar. Gadymy gölüň çyzgysyny şahamçanyň işgäri Gülistan Gurbanbaýewa dikeltdi. Mundan öňem çeper elli halyçynyň ýolbaşçyl...

DOWAMY