SOŇKY HABARLAR
«Soňky jaň» baýramçylygy mynasybetli dabaralar
Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy. Türkmenistanyň ähli künjeklerinde täze belent maksatlara ýetmäge ruhlanan oglanlaryň we gyzlaryň müňlerçesiniň durmuşynda ýatdan çykmajak waka bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Olar mekdep ýyllarynyň dowamynda dünýägaraýşyny giňeltmek üçin ygtybarly binýady emele getiren köptaraply bilimleri aldylar. Uçurymlaryň hatarynda sport bäsleşiklerinde we dürli dersler boýunça geçirilen olimpiadalarda ýeňiji bola...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Singapurdan we Maltadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan...
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergi geçirildi
Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara sergi geçirildi. Ol şähergurluşygy babatda ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny görkezdi. Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp, her ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän sergi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabat şäheriniň keşbinde öz beýanyny tapan özgert...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň döwrebap bilim alan we ýokary hünär eýesi bolan ýaşlaryň başarnyklary...
На заседании Совета глав правительств СНГ будет обсуждён широкий спектр вопросов
Ашхабад готовится к проведению очередного заседания Совета глав правительств Содружества Независимых Государств, намеченного на 31 мая. В настоящее время ведётся необходимая организационная работа. На повестку дня заседания будет вынесен широкий спектр вопросов по экономическому и гуманитарному направлениям сотрудничества в формате СНГ. По его итогам предусматривается подписать ряд документов. Об этом Президента Гурбангулы Бердымухамедова в ходе состоявшегося 24 мая заседания Правительства пр...
Resmi habar
Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi bilen bilelikde paýtagtymyzyň merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, şäheriň esasy şaýollarynyň ugrunda arassaçylyk işleriniň üpjün edilişine üns berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäg...