img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Iýun

YHDG: AŞGABATDA GEÇIRILEN GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ YLMY WE DÖREDIJILIK INTELLIGENSIÝASYNYŇ FORUMY ÝOKARY DEREJEDE GURALAN ÇÄRE

Onuň Alyhezreti,  Türkmenistanyň Prezidenti  jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa  Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident!  Aşgabatda 2019-njy ýylyň 14 — 17-nji maýynda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA gatnaşyjy döwletleriň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň XIV forumy geçirildi.  Forum Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň bitewi ynsanperwer ulgamyny giňeltmäge mynasyp goşant goşmak bilen, giň halkara ykrarnama eýe boldy we ylym, meden...

DOWAMY
pic
2 Iýun

Türkmenistanyň Pariždäki diplomatik wekilhanasy welosiped ýörüşini gurnady

2-nji iýunda Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-nyň Baş Assambleýasynda türkmen Lideriniň başlangyjy bilen kabul edilen Rezolýusiýa laýyklykda bellenilýän Bütindünýä welosiped gününe gabatlap, welosiped ýörüşini gurnady. Sport çäresine diplomatik wekilhananyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, şeýle hem Parižiň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar gatnaşdylar. Welosiped ýörüşi Parižiň iň köp adamly we gözel ýerleriniň biri bolan Eýfel diňin...

DOWAMY
pic
2 Iýun

ÇAGALARYŇ BAGTYÝARLYGY — WATANYMYZYŇ BUÝSANJY

1-nji iýunda Türkmenistan Çagalary goramagyň halkara gününi giňden belledi. Bu baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde çagalaryň şatlygyna şatlyk goşan köp sanly şadyýan we gyzykly çäreler geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp baýram mynasybetli çagalara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly «Gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy bolan bagtyýar çagalar berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesillerimizdir». ...

DOWAMY
pic
1 Iýun

Parižde Nury Halmämmedowyň, Daňatar Öwezowyň, Sahy Jepbarowyň eserleri ýaňlandy

1-nji iýunda Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy bu ýerde kowçum ýaşaýan türkmenler bilen bilelikde Parižiň Teatr atelýesiniň kiçi zalynda ýurdumyzyň aýdym-saz medeniýetine bagyşlanan we ýylyň «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» şygarynyň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän döredijilik agşamyny gurnady. Medeni çärä kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekilleri we Parižiň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Agşamyň maksatnamasy Nury Halmämmedowyň, Daňatar Öwezowyň, Sahy Jepbarowyň we türkmen medeniýetiniň be...

DOWAMY
pic
1 Iýun

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ BAGTYÝAR ÇAGALARYNA HEM-DE HALKYNA

Mähriban halkym!  Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri! Sizi güneşli tomus paslynyň nurana günlerinde giňden bellenýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu halkara baýrama bagyşlanan aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň mähriban halkymyzyň, aýratyn hem bagtyýar körpelerimiziň ýadynda ýakymly ýatlamalary galdyryp, bagtly çagalygyň Diýaryna öwrülen eziz Watanymyza buýsanjymyzy has artdyrjakdygyna berk ynanýaryn. Gözlerimiziň guwanjy, gö...

DOWAMY
pic
1 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY ORAZA BAÝRAMYNY BELLEMEK HAKYNDA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, türkmen halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:  1. Türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2019-njy ýylyň 4-nji iýunynda bellemeli we şol güni iş güni däl diýip yglan etmeli.  2. Şu Permanyň ýer...

DOWAMY
pic
1 Iýun

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.  Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan,Germaniýadan, BAE-den, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Singapurdan, Estoniýadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçarkerosinini, nebit koksuny satyn aldylar. Şeýle hem Birleşen Arap Emirliklerinden gelen täjirler Seýdiniň nebiti ga...

DOWAMY