SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ BOÝUNÇA DÜNÝÄ REKORDY TÄZELENDI
Bu ýerde guralan dabaraly çäräni alyp baryjy «Guinness World Records» kompaniýasynyň resmi wekili hanym Şeýda Subaşi-Gemijä söz berdi. Myhman ozaly bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň halkyny dünýäde dabaraly bellenilýän Bütindünýä welosiped güni we milli Liderimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamany kabul etmegi bilen gutlady. Hanym Subaşi 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly, bi...
Türkmenistanyň Er-Riýaddaky Ilçihanasy welosiped ýörüşini geçirdi
3-nji iýunda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosiped ýörüşini gurnady. Sport çäresi Er-Riýadyň medeni-sagaldyş merkezleriniň birinde geçirilip, oňa DTYA-nyň işjeňleri, Saud Arabystanynda kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekilleri we hormatly myhmanlar gatnaşdylar. Welosiped ýörüşi başlamazynyň öň ýanynda geçirilen metbugat maslahatynyň dowamynda bu baýramyň BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan Tükmenistanyň teklibi bilen döredile...
Türkmenistanyň Ilçihanasy Berlinde welosiped ýörüşini gurnady
3-nji iýunda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Ilçihanasy GFR-iň DIM-niň ýanyndaky Willkommen in Berlin diplomatik klubynyň goldamagynda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan çäreleri gurnady. Günüň birinji ýarymynda gurnalan welosiped ýörüşine GFR-iň DIM-niň ýanyndaky Willkommen in Berlin diplomatik klubynyň wekilleri, Germaniýada ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, kowçum ýaşaýan türkmenleriň agzalary, ýurdumyzdan bu ýerde bilim alýan talyplar, şeýle hem diplo...
TÜRKMEN AGYR ATLETIKAÇYLARYNYŇ BÜRÜNÇ MEDALY
Ýuwaş ummanynyň günorta böleginde ýerleşýän Fiji döwleti şu ýylyň 1- 8-nji iýuny aralygynda paýtagty bolan Suwa şäherinde agyr atletika boýunça geçirilýän ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatyny geçirip, birnäçe günläp dünýäniň agyr atletikasynyň merkezine öwrüldi. Bu çempionata dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen türgenleriň 250-ä golaýy gatnaşdy. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparyna türgenlerimiziň 4-si wekilçilik etdi. Olar bilen ýaryş geçýän ýerine eminleriň hem 4-si geldi. 73 kilogram ag...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI KÖPÇÜLIKLEÝIN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞE GATNAŞDY
Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Munuň özi milli Liderimiziň sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa ýagdaýyny berkitmek ugrunda edýän tagallalaryna halkara derejede ýokary baha berilýändiginiň we ykrar edilýändiginiň subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynda...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WATANDAŞLARYMYZY BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI BILEN GUTLADY
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi tomus paslynyň ajaýyp günlerinde halkara derejesinde bütin dünýäde, şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde giňden bellenýän Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýan sene hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen bu halkara baýramy mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly dabaralaryň, köpçülikleýin sport çäreleriniň mähriban...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WELOSIPEDÇILERIŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) ýolbaşçysy Dawid Lappartýeni kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi we türkmen halkyny şanly waka — Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde dünýä rekordynyň — iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş hökmünde dünýä rekordynyň goýulmagy mynasybetli gutlady. Bu...