SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara Sambo federasiýasy bilen bilelikde 20...
RESMI HABAR
Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu çempionaty geçirmek baradaky Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
AŞGABATDA ÝHHG-NYŇ KHBS-Ň MESELELERI BOÝUNÇA SEMINARY BAŞLADY
2019-njy ýylyň 18-nji iýunynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-nyň «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygynyň kämilleşmeginde hem-de KHBS ulgamyndaky reformalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk» atly maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän KHBS-ň syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan gurnalan okuw maslahatyna ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we weki...
TÄHRANDA TÜKMENISTANYŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLKASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY
2019-njy ýylyň 16-njy iýunynda Tähran şäheriniň “Talar-e Wahdat” medeniýet merkezinde Tükmenistanyň Eýran Yslam Respublkasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan konsertine Türkmenistandan gelen resmi wekiliýeti, Eýranyň Medeniýet we yslam aragatnaşyklary guramasynyň we beýleki birnaçe edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, EYR-da akkreditirlenen diplomatik we...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ÖZ YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi O.Çaryýew Iordan Haşemit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Huseýine Türkmenistanyň Iordan Haşemit Patyşalygyndaky Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Er-Riýad şäheri) özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy. Duşuşygyň başynda Iordan Haşemit Patyşalygynyň Patyşasy Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamlaryny ýollady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegine uly ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ş.A.Amangeldiýew hakynda Şöhrat Annagurbanowiç Amangeldiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.G.Baýramgulyýew hakynda Mämmet Guldurdyýewiç Baýramgulyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.