SOŇKY HABARLAR
«HAZAR» TÜRKMEN-ASTRAHAN HABARLAR KITAPÇASYNYŇ BIRINJI SANY ÇAP EDILDI
2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) ýardam bermeginde Astrahan welaýatynyň Hökümeti bilen birlikde «Hazar» türkmen-astrahan habarlar kitapçasynyň birinji sany çap edildi. Kitapçanyň birinji sany Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygynyň, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumyny (BHYF)...
TÜRKMENISTAN DOGANLYK OWGANYSTANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI BERMEGI DOWAM EDÝÄR
2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Hökümetiniň goldaw bermeginde Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina etrabynda gurlan uzynlygy 10 kilometr bolan demirýol böleginiň dabaraly açylyşy, şeýle hem uzynlygy 35 kilometre barabar Akina-Andhoý täze demirýol şahasynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Çärelere Türkmenistanyň we Owganystanyň ulag we senagat edaralarynyň ýolbaşçylary, häkimler, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýerli ýaşaýjy...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZY GURMAGYŇ DÜZÜMLEÝIN TASLAMALARY BILEN TANYŞDY
Ozal habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümine şu ýylyň 15-nji iýulyndan 15-nji awgustyna çenli aralykda zähmet rugsadynyň berilýändigini aýtdy. Şu günler ýurdumyzyň şypahanalarynda, dynç alyş merkezlerinde ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary öz saglyklaryny berkidýärler hem-de wagtlaryny peýdaly geçirýärler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhame...
TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY
Şu gün, 2019-njy ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda türkmen Lideri Özbegistanyň baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady we berk jan saglyk, tükenmez ruhublentlik we ähli giň göwrümli başlangyçlarynda üstünlikler arzuw etdi. Özüne aýdylan gutlag we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Özbegistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn h...
TÜRKMENISTANDA DÖM-NYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI BOÝUNÇA MEÝLETIN MILLI SYNYNYŇ TANYŞDYRYLYŞYNYŇ NETIJELERI HAKYNDA
2019-njy ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 16-20-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherine bolan saparynyň deslapky netijelerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi, bu saparyň çäklerinde Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça Meýletin milli synynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Iş mejlisiniň barşynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Ykdysady we D...
ОРКЕСТР ПОД УПРАВЛЕНИЕМ РАСУЛА КЛЫЧЕВА ПОДАРИЛ ПОКЛОННИКАМ РОССЫПЬ МУЗЫКАЛЬНЫХ ШЕДЕВРОВ
Государственный симфонический оркестр Туркменистана под управлением Расула Клычева представил новую блистательную программу - «Шедевры для всех», завершившую очередной музыкальный сезон. Концерт состоялся в Музыкально-драматическом театре им. Махтумкули. Завершившийся концертный сезон запомнится поклонникам творчества талантливого коллектива яркими программами, вобравшими широкий стилистический и временной диапазон мирового музыкального искусства. Бесспорно, значимым событием стал концерт...
TÜRKMENISTANYŇ ŞYPAHANA HYZMATY ULGAMY DÜNÝÄ DEREJESINDE
“Daşoguz” şypahanasy Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz ilatyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak ulgamynda ajaýyp üstünlikleri gazanyp, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etdi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz şypahana-dynç alyş ulgamyny ösdürmäge uly üns berýär. Daşoguz welaýatynyň merkezinden 12 kilometr uzaklykda, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň çäginde ýerleşýän «Daşoguz» şypahanasy ýurdumyzyň ilatynyň w...