SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýylyň geçen ýedi aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de olaryň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzl...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ SYÝASATY - DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNA ÝETMÄGE BARÝAN ÝOLDUR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň raýatlarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýasy bilen baglylykda giň möçberli we köpugurly özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeler bolsa ähli pudaklarda we sebitlerde durnukly ösüşiň hem-de ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagynyň berk binýadyny döredýär. Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdüri...
AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ELMAR MAMEDÝAROW BILEN SÖHBETDEŞLIK
Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarowyň «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň redaksiýasynyň birinji Hazar ykdysady forumy hakynda beren sowalyna jogaby 1. Jenap Ministr, Siz Türkmenistanyň Prezidentiniň Hazarýaka ýurtlarynyň Döwlet baştutanlarynyň Aktauda geçirilen sammitinde öňe süren birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi baradaky başlangyjyna nähili baha berýärsiňiz? Ilki bilen pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň halkyna iň ýaky...
TÜRKMEN ZYÝARATÇYLARY MEKGÄ WE MEDINÄ HAJA UGRADYLAR
Türkmen zyýaratçylary hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haja ugradylar. «Boing-737-800» kysymly uçar watandaşlarymyzyň — ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň wekilleriniň 160-syny üstüne alyp, Käbä tarap ugur aldy. Olar musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň sahawatly günleri bütin dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, M...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, öňde boljak baýramçylyk senelerine we şanly wakalara görülýän taýýarlyk bilen bagly wezipeler, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki meseleleri gi...
AŞGABATDA ADAM SÖWDASYNYŇ ÖŇÜNIŇ ALYNMAGY BOÝUNÇA MHG-NYŇ OKUW SAPAGY GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda Migrasiýa boýunça halkara guramasy (MHG) tarapyndan guralan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri we bilim edaralarynyň hünärmenleri üçin niýetlenen okuw sapagy öz işine başlady. Okuw sapagyna Türkmenistanyň Mejlisiniň, Adalatçysynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Adalat, Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň, D...
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY – DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
Öňde duran dünýä derejesindäki çäre – Birinji Hazar ykdysady forumy (BHYF) bu günki günde diňe bir dünýäniň dürli ýurtlarynyň hökümetleriniň däl-de, eýsem işewürlik ulgamynyň öňdebaryjylarynyň hem ünsüni özüne çekýär. Meşhur «Istanbool Today» türk žurnalynyň redkasiýasy özüniň nobatdaky neşiriniň agramly bölegini 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan BHYF-niň esasy aýratynlyklaryna bagyşlapdyr. Çap edilen makala diňe bir Ha...