img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Awg

TÜRKMENISTAN WE RUSSIÝA KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGY SAZLAŞYKLY GIŇELDÝÄRLER

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.Medwedewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli rus wekiliýeti Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda RF-niň Hökümetiniň Başlygy Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Şeýle hem Dmitriý Medwedewiň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýy...

DOWAMY
pic
12 Awg

AZERBAÝJANYŇ PREMÝER-MINISTRI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministri Nowruz Mamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda ýokary derejeli myhman Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministri Nowruz Mamedow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimu...

DOWAMY
pic
12 Awg

BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY – KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGYŇ DABARALANMAGY

2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda ähmiýetli çäre – Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Foruma hazarýaka we beýleki döwletleriň ýokary derejeli döwlet işgärleri, halkara guramalarynyň wekilleri, ylmy işgärler, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we dünýä metbigatynyň wekilleri bilen bir hatarda dünýäniň ähli ýurtlaryndan müňlerçe myhmanlar geldiler. Forumyň dabaraly açylyşy «Hazar deňzi: halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň bähbi...

DOWAMY
pic
11 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «VINСI» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “VINСI” toparynyň Direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iw Tibo de Silgini kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, türkmen Lideriniň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek forumyň ähmiýetini belledi. Iw Tibo de Silgi bu giň gerimli çäräniň Hazarda ykdysady, söwda, maýa goý...

DOWAMY
pic
11 Awg

TÜRKMEN-RUS HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI HAZAR INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYNYŇ SERGISINIŇ ÇÄKLERINDE ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenkonyň Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar özara hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp g...

DOWAMY
pic
11 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BOLGARIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN DUŞUŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkmenistana gelen belent mertebeli myhman bilen mähirli salamlaşdy. Duşuşyk başlamazdan ozal milli Liderimiz Bolgariýanyň hökümetiniň ýolbaşçysyny Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy. Öz noba...

DOWAMY
pic
11 Awg

HAZARÝAKA DÖWLETLERIŇ YKDYSADYÝETLERINIŇ ÖZARA BAGLANYŞYGYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün birinji Hazar ykdysady forumynyň çäreleriniň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň — Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň ykdysadyýet boýunça degişli edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Sebitiň ykdysadyýetleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamynda eýeleýän orny we ähmiýeti, sanly ykdysadyýet hem-de aýratyn...

DOWAMY