TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GRUZIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwilini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwiliniň salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Gruziýa Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY
2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Iki dostlukly ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtyň Halkara howa menzilinde Özbegistanyň ýolbaşçysy resmi adamlar tarapyndan garşylandy. Bellenen gowy däbe görä, milli eşikli bir oglan we gyz Özbek liderine çörek-duz we gül sowgat etdiler. Howa menzilindäki gysga wagtlyk söhbetdeşlikden soňra Özbegistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni bu ýerden sapar...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Şu gün, 2022-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Sýan Naýçen bilen geçirilen duşuşygynda, Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Hytaý Halk Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş Sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy m...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY
2022-nji ýylyň 23-25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynda iş saparda bolýar. 24-nji oktýabrda Seulda R.Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Phýo bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Se...
TÜRKMENISTANDA ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MEDENIÝET HEPDELIGI AÇYLDY
2022-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Bu Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hem-de Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň we Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde guraldy. “Bitewülikde köpdürlülik” ady bilen geçýän Ýewropa Bileleşiginiň Me...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI PUSAN ŞÄHERINIŇ HÄKIMI BILEN DUŞUŞDY
Şu gün, 2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Pusan şäheriniň häkimi Pak Heong-Jun bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy 2008-nji ýylda Türkmenistanyň ozalky Prezidenti, häzir bolsa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respu...
TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
?Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisiniň işine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşigiň dowamynda ministrler Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar «Merkezi Aziýa - Koreýa...