img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BEÝIK BRITANIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Hýu Stenli Filpott bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda diplomat özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Diplomatlar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarahereketleriniň derwaýys meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle...

DOWAMY
pic
16 Okt

TÜRKMEN-EÝRAN IŞEWÜRLER MASLAHATY IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY GIŇELTMEK MESELELERINE SEREDÝÄR

2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet edaralarynyň we işewürler toparlarynyň wekillerinden ybarat wekiliýet Aşgabada geldi. Işewürler maslahatyna eýran wekiliýetiniň düzüminde birnäçe döwlet edaralarynyň we guramalaryň wekilleri, şeýle-de söwda, derman senagaty, oba hojalyk we suw serişdeleri, inženerçilik hyzmatlary, energetika, ulag, logistika, syýahatçylyk,...

DOWAMY
pic
16 Okt

AŞGABATDA ÝUNISEF-IŇ DÜNÝÄ ÇAGALARYNYŇ ÝAGDAÝY BARADAKY HASABATYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda ÝUNISEF-iň dünýä çagalarynyň ýagdaýy baradaky Hasabatynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. 2019-njy ýylda ol «Çagalar, iýmit we iýmitleniş: özgerýän dünýäde kadaly ösüş» şygary astynda jemgyýetçilige ýetirilendir. Çärä ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky Wekili Kristin Weýgand, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, ÝUNISEF-iň hünärmenleri, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we hususy kä...

DOWAMY
pic
16 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ITALIÝA IŞ SAPARY

2019-njy ýylyň 14-15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary jenap Manlio Di Stefano bilen geňeşmeler geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 2019-njy ýylyň noýabrynda meýilleşdirilý...

DOWAMY
pic
15 Okt

TÜRKMEN HIMIÝAÇYALARYNYŇ YKDYSADY TÄZELIKLERINE PATENTLER BERILDI

Türkmenistanyň Ykdysayýet we maliýe ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça Döwlet gullugy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň işgärleriniň oýlap tapyşlarynyň birnäçesine patent berdi. TYA-nyň Himiýa instituty alty ýylyň dowamynda hojalyk-şertnamasy esasynda «Türkmenhimiýa», «Türkmengaz», «Türkmennebit» Döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrlikleri, beýleki pudakl...

DOWAMY
pic
15 Okt

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, türkmen we koreý işewürleriniň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Edaranyň ýanyndaky “Türkmen-koreý” işewürler geňeşiniň türkmen bölegini degişli düzümde döretmek baradaky teklibi makullanyldy.

DOWAMY
pic
15 Okt

YKDYSADYÝETIMIZIŇ SENAGATLAŞDYRYLMAGY - TÜRKMENISTANYŇ ÖSÜŞ STRATEGIÝASY

Şu gün paýtagtymyzda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady, bu çäräni ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guraýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän ýöriteleşdirilen sergi şu ýyl Watanymyzda 20-nji oktýabrda ilkinji gezek bellenilýän Senagat işgärleriniň gününe bagyşlanýar. Milli ykdysadyýetimiziň iň okgunly ösýän pudaklarynyň biriniň işgärleriniň hormatyna esaslandyrylan bu...

DOWAMY