SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE MALAÝZIÝANYŇ YKDYSADY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Malaýziýanyň Ykdysady işler ministri Dato Seri Mohamed Azmin bin Aliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda biri-birini mähirli garşylap, taraplar iki ýurduň ykdysadyýet we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygynyň oňyn ösüş dinamikasyny kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýet ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşin...
Aşgabatda IV Wena baly geçirildi
Şu gün türkmen paýtagtynda IV Wena baly geçirildi. Bu köp öwüşginli çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, iki şäheriň — Aşgabadyň we Wenanyň arasyndaky dostluk köprüsine öwrüldi. Bu çäräniň geçirilmegi Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň giňelýändiginiň, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar şol hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar....
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Samir Welajiçden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde üstünlikler arzuw etdi. Ilçi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhame...
Business circles of Turkmenistan and Japan outline priority vectors of partnership
Turkmen – Japanese business forum took place in Tokyo prior the beginning of working visit of President Gurbanguly Berdimuhamedov to Japan. Meeting of representatives of business circles of two countries was dedicated to definition of current directions of trade and economic partnership at new stage of interstate dialog, reconciliation of positions in the sphere of financial and investment collaboration, exchange of opinions on perspective joint projects and ways of production cooperation....
BOSNIÝA WE GERSEGOWINANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURD
2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde öz ynanç hatlaryny gowşurmak üçin Aşgabada gelen, Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) jenap Samir Weladjiç bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar özarabähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny bellediler. Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak bilen, ýurtlaryň...
TBILISIDE HALKARA ULAG ÜSTAŞYR GEÇELGELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-GRUZIN TOPARYNYŇ MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Tbilisi şäherinde Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri boýunça türkmen-gruzin toparynyň ikinji mejlisi öz işine başlady. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary, Gruzin wekiliýetine bolsa Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk edýär. Wekilýetler söwda dolanşygynyň statistiki maglumatlary we iki ýurduň arasyndaky ulag üstaşyr geçelgeleriniň möçberini artdyrmaklyk barada pikir alyşdy...
TÜRKMEN WEKILIÝETI ILKINJI GEZEK BÜTINDÜNÝÄ HARBY OÝUNLARYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde VII tomusky Bütindünýä harby oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa ilkinji gezek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň sport wekiliýeti gatnaşdy. Bütindünýä harby oýunlar – dünýäde Olimpiadadan soňky iň iri sport çäresidir. Şu ýylyň 27-nji oktýabryna çenli dowam etjek häzirki oýunlara dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan on müňden gowrak türgen we tälimçi, şeýle-de tehniki işgärleriň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmen...