SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 175-nji maddasyna we «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleri (ömrüni we saglygyny) ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2019-njy ýylyň hasyly üçin ekilen gowaçany...
13-NJI SENTÝABRDA AŞGABATDA GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILER
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamanyň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde 21-nji iýunda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilen no...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ABŞ-NYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň milli Liderimize aýdan mähirli salamyny ýetirdi. D.Tramp umumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
26Iýun Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamanyň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň başynda ertir biz ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi giňden we dabaraly belläp geçeris diýip aýtdy. Garaşsyz döwletimizde medeniýet ulgamyny ösdürmek, medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini,...
MARY WELAÝATYNYŇ GALLAÇYLARYNYŇ ZÄHMET ÝEŇŞI BARADA HASABAT
Şu gün Mary welaýatynyň gallaçy daýhanlary dänäniň 380 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, azyklyk bugdaýy taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Ýer eýeleriniň dünýä belli «CLAAS», «John Deere», «Case», «New Holland» kysymly ýokary öndürijilikli kombaýnlary gije-gündizleýin we netijeli ulanmagy oragyň depginlerini tizleşdirmäge ýardam berdi. Bu zähmet ýeňşi ekerançylaryň ýurdumyzyň obasenagat ulgamyny ösdürmek baradaky he...
«MEDENIÝET HEPDELIGI — 2019» SUNGATYŇ TÄZE ESERLERI BILEN BAÝLAŞDY
26Iýun Welaýatda türkmen jemgyýetiniň ägirt uly döredijilik kuwwatyny beýan edýän hem-de halkymyzyň ruhy durmuşynyň köptaraply öwüşginini görkezýän Medeniýet hepdeliginiň çäreleri dowam edýär. Şu gün Magtymguly şäherinde forumyň çäklerinde žurnalistler we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri «Watanymyzyň rowaçlygy — kalbymyzyň joşguny» diýen at bilen döredijilik duşuşygyny geçirdiler. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Be...