SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY BILEN GELDI
2019-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň ikinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine iş sapary bilen geldi. Prezidentiň uçary Daşkent şäheriniň Islam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde Türkmen Liderini resmi adamlar, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Pre...
TERRORÇYLYGYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINE HALKARA DEREJESINDE GARŞY DURMAK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün paýtagtymyzda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky Ýewraziýa toparynyň 31-nji umumy mejlisi boldy. Bu çärä Türkmenistandan, Belarusdan, Hindistandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan we Özbegistandan — jemi dokuz döwletden wekiller gatnaşdy. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky...
TÜRKMENISTAN ÝEWRAZIÝANYŇ TELEKOMMUNIKASIÝA ARAGATNAŞYK MERKEZINE ÖWRÜLÝÄR
Şu gün Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisiniň jemleýji gününiň işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde «Türkmenistan we dünýä maglumat — telekommunikasiýa ulgamlary» atly ylmy maslahatyň jemleýji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda iki döwletiň aragatnaşyk operatorlary arkaly Türkmenistan — Azerbaýjan Respublikasy ugry boýunça Hazar deň...
«NURLY MARGIANA» ILKINJI GEZEK RUSSIÝADA GÖRKEZILDI
Şu gün Moskwanyň Gündogar Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi, görnükli arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň doglan gününiň 90 ýyllygyna (1929 — 2013) bagyşlanan «Nurly Margiana» atly sergi açyldy. Russiýanyň gündogar medeniýetleri muzeýinde ýaýbaňlandyrylan sergide meşhur alymyň ömri we işi barada gürrüň berýän fotosuratlar, kitaplar, onuň şahsy arhiwiniň resminamalary, bürünç eýýama degişli Marguş ýurdunyň ilatynyň antropologiýa taýdan dikeldilen şekil...
MOSKWADA GDA GATNAŞYJY ÝURTLARYŇ STRATEGIKI YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY BARADAKY JARNAMANYŇ ÄHMIÝETI BARADA MASLAHAT GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Moskwada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň bölümçesiniň binasynda “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy baradaky Jarnamanyň Ýewraziýa giňişliginde ykdysady integrasiýany güýçlendirmekdäki orny we ähmiýeti” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bu Jarnama 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA ýurtlaryň döwlet başt...
MANAMADA TÜRKMEN-BAHREÝN IŞEWÜRLER FORUMY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Bahreýn Patyşalygynyň Manama şäherinde türkmen-bahreýn işewürler forumy geçirildi. Türkmenistandan bu çärä Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky, düzüminde ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça işleýän döwlet we hususy edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bolan wekiliýet gatnaşdy. Işewürler forumynyň açylyşynda çykyş edip, Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Samir Abdulla Ahmed Nass iki ýurduň arasynd...
«TÜRKMENTEL - 2019» ATLY XII HALKARA SERGISINE HEM-DE YLMY MASLAHATA GATNAŞYJYLARA
Gadyrly myhmanlar! Hormatly aragatnaşykçylar! Sizi öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary durmuşa işjeň ornaşdyrmakda, telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel - 2019» atly XII halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, dünýä...