SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, türkmen we koreý işewürleriniň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Edaranyň ýanyndaky “Türkmen-koreý” işewürler geňeşiniň türkmen bölegini degişli düzümde döretmek baradaky teklibi makullanyldy.
YKDYSADYÝETIMIZIŇ SENAGATLAŞDYRYLMAGY - TÜRKMENISTANYŇ ÖSÜŞ STRATEGIÝASY
Şu gün paýtagtymyzda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady, bu çäräni ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guraýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän ýöriteleşdirilen sergi şu ýyl Watanymyzda 20-nji oktýabrda ilkinji gezek bellenilýän Senagat işgärleriniň gününe bagyşlanýar. Milli ykdysadyýetimiziň iň okgunly ösýän pudaklarynyň biriniň işgärleriniň hormatyna esaslandyrylan bu...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-EÝRAN HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky 15-nji mejlisi geçirildi. Toparyň mejlisine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, eýran tarapyndan - Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri M.Eslami ýolbaşçylyk etdiler. Mejlisiň başynda taraplar özara hormat goýmak, deňhukuk...
«TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT PUDAKLARYNYŇ ÖSÜŞINIŇ ESASY UGURLARY» ATLY HALKARA SERGÄ WE YLMY MASLAHATA GATNAŞYJYLARA
Hormatly sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar! Sizi Senagat işgärleriniň güni mynasybetli abadançylygyň, agzybirligiň, parahat ýaşaýşyň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mekany bolan ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek we halkymyzyň ýaşaýyş-du...
TÜRKMEN TEATRY HALKARA TEATR FESTIWALYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 11-14 oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde görnükli gazak ýazyjysy Abiş Kekilbaýewiň 80-ýyllygyna bagyşlanan “ABIŞ ÄLEMI” atly Halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu çärä Ermenistanyň, Gruziýanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýänyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň teatrlary gatnaşdylar. Festiwalda Türkmenistana Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatry wekilçilik etdi. Lebaply teatryň görkezen “Daýhatyn” atly oýny tomaşaç...
AŞGABATDA TÜRKMENISTAN BILEN HHR-NYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda daşary işler ministrleriň orunbasarlary derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Hytaý wekiliýetine Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen ýolbaşçylyk etdi. Hususan-da, taraplar sebitleýin we halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerine garadylar. Ýokary derejelerdäki duşuşyklary işjeňleşdirmek hakynda...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Premýer-ministri jenap Sindzo Abe bu ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren güýçli harasat zerarly gynanç hatlaryny iberdi. Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sö...