SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin, 2019-njy ýylyň 15 — 16-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE “DEUTSСHE BANK AG” BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de “Deutsсhe Bank AG” öňdebaryjy nemes bank konserniniň Merkezi we Gündogar Ýewropa boýunça sebit müdirliginiň direktorlarynyň dolandyryjysy Baş ýerine ýetiriji direktory Ýorg Bongartsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen “Deutsсhe Bank AG-niň” arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň üstünliklerini belläp, gatnaşyklaryň wajyp ugurlary barada pikir alyşdylar. Bilelikdä...
TÜRKMEN WEKILIÝETI NAÝROBIDE BMG-NIŇ ILAT GAZNASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞÝAR
2019-njy ýylyň 12-14-nji noýabrynda Keniýanyň Naýrobi şäherinde reproduktiw saglyk, gender deňligi we enäniň saglygyny goramak pudagy boýunça üç günlük global sammit geçirilýär. Keniýa we Daniýa Hökümetleri BMG-niň Ilat gaznasy bilen bilelikde bu Sammitiň guramaçysy bolup çykyş etdiler. Naýrobide geçirilýän sammite ýokary derejeli wekiller– döwlet baştutanlary, parlament wekilleri, bilermenler hem-de hökümete degişli däl guramalaryň we raýat jemgyýeti guramalarynyň wekilleri gatnaşýar. Bu fo...
AŞGABATDA HALKARA ULAG WE ÜSTAŞYR GEÇELGÄNI DÖRETMEK BARADAKY YLALAŞYGYŇ IŞ TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň hökümetleriniň arasynda Halkara ulag we üstaşyr geçelgäni döretmek baradaky Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Iş toparynyň ikinji mejlisi öz işine başlady. Aşgabat şäherine bu duşuşygyň işine gatnaşmak üçin Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň öňdebaryjy hünärmenleri ýygnan...
KATAR DÖWLETINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Katar döwletiniň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mubarak Abdurrahman Mubarak Al-Nasr bilen duşuşygy geçirildi. Diplomatlar birek-birege hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-katar gatnaşyklarynyň yzygiderli ösüşini kanagatlanarly bellediler. Iki ýurduň syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-yns...
«MEDIA-TÜRKMEN» HABARLAR AGENTLIGI RF DIM-NIŇ ŽURNALY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÝOLA GOÝAR
?Media-Türkmen» Habarlar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň «Международная жизнь» («Halkara durmyşy») žurnalynyň arasynda täzelik habarlaryny alyşmak barada Ähtnama gol çekildi. Habarlar ulgamynda özara hereketden başga-da, taraplar ýaş žurnalistleri okatmak maksatnamalary babatda hyzmatdaşlygyň meselelerine garamagy we ugurdaş çäreleri bilelikde guramak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýarlar. RF-niň daşary işler ministri Sergeý Lawrow...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew yslam medeniýetine we sungatyna bagyşlanyp geçiriljek foto serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin 14 — 16-njy noýabr aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde gulluk iş saparynda bolar.