SOŇKY HABARLAR
MANAMADA TÜRKMEN-BAHREÝN IŞEWÜRLER FORUMY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Bahreýn Patyşalygynyň Manama şäherinde türkmen-bahreýn işewürler forumy geçirildi. Türkmenistandan bu çärä Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky, düzüminde ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça işleýän döwlet we hususy edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bolan wekiliýet gatnaşdy. Işewürler forumynyň açylyşynda çykyş edip, Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Samir Abdulla Ahmed Nass iki ýurduň arasynd...
«TÜRKMENTEL - 2019» ATLY XII HALKARA SERGISINE HEM-DE YLMY MASLAHATA GATNAŞYJYLARA
Gadyrly myhmanlar! Hormatly aragatnaşykçylar! Sizi öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary durmuşa işjeň ornaşdyrmakda, telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel - 2019» atly XII halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, dünýä...
TÜRKMENISTANDA IŇ TÄZE ARAGATNAŞYK TEHNOLOGIÝALARYNYŇ HALKARA SERGISI WE PUDAKLAÝYN MASLAHAT GEÇIRILÝÄR
Şu gün paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy we onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Olar Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýyl geçirilýän ýöriteleşdirilen forum bu ýere ý...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy, şeýle hem döwlet syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem milli Liderimiziň tabşy...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE “ROSSOTRUDNIÇESTWONYŇ” ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Federal agentligiň (“Rossotrudniçestwo”) ýolbaşçysy E.Mitrofanowanyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Birek-biregi gyzgyn garşylamak bilen, taraplar birnäçe ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasyny...
AŞGABATDA TERRORÇYLYGY MALIÝELEŞDIRMÄGE GARŞY GÖREŞMEK BARADAKY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLÝAR
2019-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Aşgabatda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky Ýewraziýa toparynyň (Ýewraziýa topary) 31-nji Umumy mejlisi açyldy. Ýewraziýa toparynyň wezipesi halkara terrorçylygynynyň howpyny, döwletleriň maliýe ulgamynynyň aýdyňlygyny, ynamlylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek arkaly azaltmaklyga ýardam etmekden ybaratdyr. Umumy mejlisiň işine Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň we...
AHAL WELAÝATYNYŇ TÄZE DOLANDYRYŞ MERKEZINI GURMAK BOÝUNÇA WEZIPELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň dörediljek ýerindäki gurluşygyň nobatdaky tapgyryna girişmek hakyndaky Karara gol çekdi. Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow wagt ýitirmän, gurluşyga dahylly birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzümleriniň hem-de sebitiň gurluşyk boýunça jogapkär işgärleriniň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, iri kompaniýalaryň wekil...