img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Dek

RESMI HABAR

?Haryt nyşanlary hakyndaky» we «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, intellektual eýeçiligiň meselelerini düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: — Haryt nyşanlary bilen bagly paçlary tölemegiň tertibi; — Haryt nyşanlary bilen bagly paçlaryň möçberleri; — Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary bilen bagly paçlary tölemegiň tertibi; — Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlar...

DOWAMY
pic
13 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «KAWASAKI» ÝAPON KOMPANIÝASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň «Kawasaki Heavy Industries,Ltd» kompaniýasynyň energetika ulgamy we önümçilik işläp taýýarlamalary boýunça prezidenti Tasuýa Watanabe bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň sebit hem-de global derejesindäki özarahereketleriniň netijeli häsiýetini belläp geçdiler. Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň esasy ugurlary boýunça şol sanda ýapon işewürl...

DOWAMY
pic
13 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANDA ADAM SÖWDASYNA GARŞY HEREKET ETMEK BOÝUNÇA HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tassyklanmagyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňeldilen mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.   Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmeni...

DOWAMY
pic
13 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILIÝETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy (oturýan ýeri Ankara şäheri) jenap Kristian Bergeriň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň orny barada belläp, taraplar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltm...

DOWAMY
pic
12 Dek

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli uly baýramçylyk konserti boldy. Bu sene milletler bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň dünýäde we sebitde, döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylyk medeniýetiniň tassyklanylmagynyň möhüm şerti hökmünde ykrar edilendigini alamatlandyrýar. Ol şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diplomatik işiniň beýik üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr, milli Li...

DOWAMY
pic
12 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BITARAPLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY

Şu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halky dünýä bileleşigi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününi belleýär. Şanly baýramçylyk mynasybetli tutuş ýurdumyzda dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Şolaryň esasylary türkmen paýtagtynda guraldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy. Irden Aşgabadyň ajaýyp künjekleriniň birinde dikeldilen hem-de ata Watanymyzyň parahatçylyk, döredijilik we hoşniýetlilik...

DOWAMY
pic
12 Dek

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi giňden bellenýän Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Halkara Bitaraplyk güni parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi dabaralandyrýan ajaýyp halkara baýramydyr. Şoňa görä-de, bu baýramyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň mähriban halkymyzyň kalbynda eziz Watanymyza bolan söýgini has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn! 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň...

DOWAMY