SOŇKY HABARLAR
Skripkaçy, altçy we pianinoçy zenan konsert bermegi niýet etdiler...
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda nusgawy sazlaryň konserti boldy. TMK-nyň ýaş mugallymlary, zehinli sazandalar – pianinoçy Bahar Annadurdyýewa, skripkaçy Bahram Dolyýew, altçy we kirişli saz gurallary orkestriniň ýolbaşçysy Tahyr Ataýew dagy ýewropaly barokko hem-de romantizm eýýamlarynyň kompozitorlarynyň eserleri bilen tanyşdyrdylar. Konsert Bahram Dolyýewiň çalmagynda Iogann Sebastýan Bahyň Skripka üçin partita solo №2 sazy bilen açyldy. Gaýgy-aladasyz,...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar. Ministrler Kabinetiniň şu hepdäniň çarşenbe güni bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde geçirilýän däp bolan duşuşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady. 2019-njy...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen we polipropilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümi bolan karbamid Russiýadan we Beýik Britaniýadan hem-de beýleki ýurtlardan gelen işewürleriň geleşikleriniň es...
S.A.Nyýazowy hatyralamak çäresi
Şu gün paýtagtymyzyň «Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy» seýilgähindäki Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresi boldy. Watan öňünde uly hyzmat bitiren şöhratly ogullaryny, edermen ata-babalaryny, gurban we şehit bolanlary ýatlamak halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän, gadymdan gözbaş alýan hem-de häzirki wagtda baýlaşdyrylýan asylly däpleriň biridir. Häzirki döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasaty netijesinde ynsanperwer maksatlaryň e...
Ylham seýilgähi: Täze ýyl ylhamy we şadyýanlyga syýahat
Täze ýylyň öň ýanynda agşamlaryna öýde oturasyň gelmeýär. Hamala, Aýaz babanyň sahawatly eli bilen seçilen ýaly dürli ýalpyldyly yşyklar şäherimize üýtgeşik bezeg berip, adamlary şadyýanlyk älemine syýahada çagyrýar. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky dabaralaryň geçirilýän esasy ýerleriniň biri-de –paýtagtymyzyň merkezindäki Ylham seýilgähidir. Aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary gyş ertekisi älemine aralaşmak üçin şäheriň dürli künjeklerinden bu ýere gelýärler. Dürli röwüşli lowurdap d...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 20-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar. Birnäçe sagatdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» halkara howa menzilinde gondy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar hem-de türkmen weki...
Döwlet muzeýiniň sergisi: haly sungatynyň şahyranalygy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde türkmen halyçylyk däpleriniň ÝuNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl mirasynyň reprezentatiw mirasyna goşulmagyna bagyşlanan sergi açyldy. Tematiki sergi milli amaly-haşam sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biriniň taryhyny, türkmen haly dokamak senediniň çeperçilik usullarynyň ösüşini yzarlamaga, özboluşly üýtgeşik halylaryň şahyranalygyny duýmaga mümkinçilik berýär. Etnografik eksponatlar, ýönekeý iş gurallary, ýüň we ýüpek ýüplükler, ş...