SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MEKDEPLERINDE «SOŇKY JAŇ» DABARALARY GEÇIRILDI
Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli çäreler geçirildi. Bu gün 80 müňe golaý uçurym üçin aýratyn dabaraly we tolgundyryjy gün boldy. Olar şanly senä — döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesine beslenen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda özbaşdak durmuşa gadam goýýarlar. Şu dabaraly günde mekdepleriň uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri, okuwyny ýokary bahalar bilen tamamlaýan okuwçylar, ýurdumyzyň ähli...
«AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY KÖPUGURLY HALKARA SERGI
Şu gün paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän sergi şähergurluşygy, şäher düzümini kemala getirmek babatda gazanylan üstünlikleri, toplanan tejribäni we mümkinçilikleri açyp görkezdi. Sergini guraýjylar — Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy paýtagtymyzyň durmuş we ykdysady toplumyny birleşdirip, oňa ykdysadyýetiň hem-de maliýe-bank ulgamynyň, bilim we med...
«AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY XIX KÖPUGURLY HALKARA SERGISINE GATNAŞYJYLARA
Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Şu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi. Bu serginiň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda we özara tejribe alyşmakda äh...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, türkmen hem-de türk halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Döwlet Baştutanlary ruhy päklik we ýokary ahlaklylyk ýaly adamzadyň belent gymmatlyklarynyň ähmiýetini ündeýän bu nurana baýramyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösd...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Belizden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosinini we awtobenzini satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Mundan başga-da, BAE-den, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gruziý...
ÝURDUMYZYŇ MEKDEBE ÇENLI EDARALARYNYŇ IŞI KÄMILLEŞDIRILÝÄR
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny» durmuşa geçirmek baradaky meselelere bagyşlanan maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan maksatnamasy Çaganyň irki ösüşi boýunça milli maksatnamanyň dowamy bolup, ol Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ÝUNISEF-niň hem-de BMG-ni...
ПОДГОТОВЛЕНА ПРОГРАММА МЕРОПРИЯТИЙ ПРАЗДНИКА ТУРКМЕНСКОГО КОВРА
Ведётся подготовка к ежегодно отмечаемому в стране в последнее воскресенье мая Празднику туркменского ковра. Согласно программе мероприятий, 31 мая в здании Торгово-промышленной палаты будет организована выставка-ярмарка, посвящённая достижениям ковровой и текстильной отраслей, а также сферы торговли. Состоятся 20-е заседание Всемирной ассоциации туркменского ковроделия, участие в котором посредством видеосвязи примут представители ряда зарубежных стран, церемония чествования лучших мастериц...