SOŇKY HABARLAR
KIRIŞLI SAZ GURALLARY ORKESTRINIŇ ZEHINLI SAZANDALARY: GÜÝÇLI USSATLAR WE IDEÝALAR
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestriniň konserti boldy. Tahyr Ataýewiň topary üçin maý aýynyň ahyry şanly waka bilen baglanşykly. Iki ýyl mundan ozal, 2018-nji ýylda hut şu sahnada orkestri döredilen güni bilen gutlapdylar. Gysga wagtyň içinde orkestr tomaşaçylaryň söýgüsini gazanyp ýetişdi. Tahyr Ataýew üstünligiň gözbaşyny üç ýagdaý – türkmen tomaşaçylarynyň nusgawy sazlara höwesiniň artmagy,...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 67-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini satyn aldylar. Ýokary dykyzlykdaky polietilen, polipropilen, awtobenzin EKO 93 («Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen), plastik gaplar R...
TÜRKMENISTANA SÖÝGI BILEN: AŞGABATDA KONSTANTIN BATAŞOWYŇ, IGOR PINHASOWYŇ WE MERDAN BÄŞIMOWYŇ ESERLERI ÇALYNDY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite çagalar sazçylyk mekdep-internatynyň Kiçi zalynda kamera sazlarynyň agşamy şowly geçdi, konsertde Konstantin Bataşowyň «Türkmen sýuitasy», Igor Pinhasowyň «Dramatika» hem-de Merdan Bäşimowyň «Sediý Marisýa» we «Howsala» eserleri ýaňlandy. Türkmenistana bagyşlanan eserleri TMK-nyň talyplary we mugallymlary ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar olaryň her çykyşyny gyzgyn garşyladylar. Bu konserti geçirmek ideýasynyň awtory we...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR
Gyrgyz Respublikasynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen onlaýn görnüşde geçirilen duşuşygyň gün tertibine iki ýurduň işewür toparlarynyň özara bähbitli türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri girizildi. Goňşy ýurtdan bolan hyzmatdaşlar telekeçilik işine döwlet goldawy hem-de bu ulgamy giňeltmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän giň gerimli özgertmeleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Söwda-sen...
RF-YŇ ASTRAHAN OBLASTY BILEN ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSDÜRILMEGI BILEN BAGLY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory I.Ýu.Babuşkiniň arasynda onlaýn gepleşikler geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar RF bilen gatnaşyklarda möhüm orny eýeleýän, Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategiki häsiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän dürl...
SANLY WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 29-njy maýynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Asadow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.Grigorýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri S.Rumas, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin, Gyrgyz Respublikasynyň Wise-premýer-ministri E.Asrandiýew, Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri I.Kiku, Täj...
TÜRKMEN-ÝAPON PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmen-Ýapon Parlamentara Dostluk toparynyň wekilleri, ýagny Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahatda ýapon wekiliýetine Türkmen-Ýapon Parlamentara Dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy, Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň Maliýe meseleleri boýunça müdirliginiň direktory Matsuşita Şinpeý ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşy...