SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISINDEN
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň şu ýylyň birinji çärýeginde alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, aýry-aýry ministrleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, olaryň alyp baran işleriniň netijelerine baha berildi...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Lebap welaýatynyň häkimi Amangeldiýew Şöhrat Annagurbanowiçe käýinç yglan edildi.
HAZAR ÝAKASYNYŇ GUŞLARY HAKDA GYZYKLY MAGLUMATLAR
Tutuş dünýäde tebigat muşdaklary 1-nji aprelde Halkara guşlar gününi bellediler, ýer ýüzünde olaryň jemi 8600-dan gowrak görnüşi bar. Şundan ugur alyp, okyjylary sebitimiziň iň özüne çekiji ýerleriniň biri bolan Hazar ýakasynda ýaşaýan guşlaryň gysgaça seljermesi bilen tanyşdyrmak isleýärin. Geografiýa taýdan ýerleşişine görä, bu ýerde Ýewraziýa – Gündogar Afrika we Aziýa ugurlary boýunça guşlaryň göçüş çatrygy ýerleşýär, subkontinentiň demirgazygynda höwürtgesinden gaýdan guşlar bu ýoldan Ga...
TÜRKMENISTANYŇ WE UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI BOLDY
2020-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň Ukrainanyň daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini we gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary boýunça geljekde hem ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda taraplar ýokary döwlet derejesindäki gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýetini...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE TATARYSTANYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, ony geçen Halkara Nowruz güni bilen gutlady we doganlyk Tatarystanyň halkyna abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Türkmen-russiýa strategik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň sebitleri, şol sanda Tatary...