img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Apr

SANLY TEHNOLOGIÝALAR — HALKARA YLMY HYZMATDAŞLYGYŇ HEREKETLENDIRIJISI

Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan ilkinji halkara ylmy-amaly onlaýn maslahaty geçirildi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen çärä ýurdumyzyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Bolgariýanyň, Rumyniýanyň we Wýetnamyň görnükli ylmy işgärleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi gatnaşdy. Hususan-da, bu gezekki wideoaragatnaşyk a...

DOWAMY
pic
10 Apr

HALKARA PUL GAZNASYNYŇ TÜRKMENISTAN BOÝUNÇA ÝOLBAŞÇYSY BILEN SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 10-njy aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda Halkara pul gaznasynyň Türkmenistan boýunça ýolbaşçysy Natalia Tamirisa bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleri hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar sebitleýin we bütindünýä gün tertibine degişli ykdysady mese...

DOWAMY
pic
10 Apr

AHHG-NYŇ DÖWLETARA UTGAŞDYRYJY SUW HOJALYK TOPARYNYŇ 78-NJI MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň suw hojalyk pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 78-nji mejlisi geçirildi. Agzalan duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Mejlisiň barşynda oňa gatnaşy...

DOWAMY
pic
10 Apr

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Göni wideoaragatnaşyga ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow çagyryldy, ol gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, ýurdumyzyň durmuş-yk...

DOWAMY
pic
10 Apr

KONSTITUSION TOPARYŇ ÝANYNDAKY IŞ TOPARYNYŇ MASLAHATY

Şu gün Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy bilen döredilen iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Düzümine Milli Parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleri, alymlar, şeýle hem Döwlet,...

DOWAMY
pic
10 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WIDEOMASLAHAT GÖRNÜŞINDE GEÇIRILEN TÜRKI DILLI GEŇEŞIŇ SAMMITINE GATNAŞDY

Şu gün, 2020-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygy Geňeşiniň başlygy bolup durýan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň Geňeşiniň nobatdan daşary Sammitine gatnaşdy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen Sammit Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň baştutanlaryny özünde jemledi. Çärä şonuň ýaly-da Wengriýanyň Premýe...

DOWAMY
pic
9 Apr

«DUTARYŇ OWAZY» HALKARA GÖZDEN GEÇIRILIŞINIŇ ÇÄKLERINDE GURBANNAZAR EZIZOWYŇ GOŞGULARYNA ESERLERIŇ BÄSLEŞIGI YGLAN EDILDI

Kompozitor Mämmet Guseýnowyň başlangyjy bilen geçirilýän we art-direktory bolan Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly indi altynjy gezek geçirilýän Halkara sungatlar festiwaly 2020-nji ýylyň 27-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda Russiýanyň paýtagtynda geçiriler. Indi däbe öwrülen aýdym-saz we sungat baýramy her ýyl Türkmenistanyň RF-däki Ilçihanasynyň, Moskwanyň hökümetiniň, Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň we Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň Prezidentiniň hut özüniň,...

DOWAMY