SOŇKY HABARLAR
ULAG DAŞAMALARY WE GÜMRÜK GÖZEGÇILIGI UGURLARYNDA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA WIDEOMASLAHAT
2020-nji ýylyň 6-njy maýynda BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) wekilleri bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary, şol sanda, Daşary işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň we «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleri gatnaşdylar. Wideomaslahatyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNKTAD hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi bilen ulg daşa...
BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ ÝEWROPA SEBITI BOÝUNÇA EDARASY BILEN MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ MINISTRLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 6-njy maýynda BMG-niň Aşgabatdaky edarasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň sanly wideoaragtanşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyndan agzalan duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary we ministrligiň beýleki wekilleri, şeýle-de Daşary işler ministrliginiň wekili gatnaşdy. ...
GDA ÝURTLARYNYŇ HABARLAR AGENTLIKLERINIŇ BILELIKDÄKI TASLAMASYNDA – BEÝIK ÝEŇŞIŇ FOTOSURATLARDAKY TARYHYNYŇ BEÝANY
Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belorussiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldawiýanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň habarlar agentlikleri Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň öň ýanynda bilelikdäki taslamany – faşizme garşy göreşde ýeňijileriň gahryman nesline bagyşlanan fotosuratlar sergisini görkezýärler. Sergidäki fotosuratlaryň her biri umumy duşmana garşy göreşen halklaryň başyna düşen agyr külpetleriň, pidalar yzasynyň we Ýeňiş şatlygynyň,...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda «Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin: ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Aýly Ýusupguliýewiç Orazowy, başga işe geçmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň prokurory wezipesinden boşatmaly; ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Merdan Mahmudowiç Pirbabaýewi Ahal welaýatynyň prokurory wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serke...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GÖÇME MEJLISI
Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» Kongresler merkezinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlise gatnaşmaga Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň häkimleri, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy. Mejlisde ýurdumyzyň çäklerine koronawirus ýokanjynyň aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin meýilleşdirilen...
TÜRKMENISTANDA ÖNDÜRILEN AZYK ÖNÜMLERI, HARYTLAR WE SERIŞDELER DOSTLUGYŇ NYŞANY HÖKMÜNDE RUSSIÝA UGRADYLDY
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen goňşuçylyk we dostlukly hyzmatdaşlykdan ugur alyp, şeýle hem özara hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanyp, Russiýa Federasiýasyna dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk nyşany hökmünde ýurdumyzda öndürilen önümleri bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine, Dokma senagaty ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak mini...
TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DEREJESINDE SYÝASY GEŇEŞMELER
2020-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideokonferensiýa görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Ikitraraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine meýillidiklerini mälim etmek bilen, taraplar sebitara meseleleriniň birnäçesini hem-de halkara giňişligindäki özarahereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň we daşary s...