SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti täze gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 8-nji maýynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Gadamly» atly täze gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek mynasybetli geçirilen dabaraly çärä gatnaşdy. Dabarada çykyş etmek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny...
Pnompende Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kamboja Patyşalygyna saparynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi
2026-njy ýylyň 8-9-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pnompen şäherine saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanowyň Kamboja Patyşalygynyň Hökümetiniň we işewürler toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirildi. Kambojanyň Hemişelik döwlet sekretary, Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji It Sofea bilen geçirilen duşuşykda, taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky ilkinji...
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 7-nji maýy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwilini kabul etdi. Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Gruziýada Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwiliniň we Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň Prezident Serdar Berdimu...
Türkmen-kamboja syýasy geňeşmeleriniň ilkinji tapgyry geçirildi
2026-njy ýylyň 8-nji maýynda Pnompen şäherinde Türkmenistanyň we Kamboja Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Kamboja tarapyna bolsa Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet sekretary Ung Raçana ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we daşary işler ministrli...
Aşgabatda türkmen-gruzin ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 7-nji maýynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow, gruzin tarapyna bolsa Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ugurdaky ikita...
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara ulag forumynyň her ýylky sammitine
2026-njy ýylyň 6–8-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýanyň Leýpsig şäherinde geçirilýän Halkara ulag forumynyň (ITF) her ýylky sammitine gatnaşýar. Forum Azerbaýjanyň başlyklyk etmeginde geçirilýär we onuň temasy – «Durnukly ulagy maliýeleşdirmek» – ITF-iň 2025–2027-nji ýyllar üçin niýetlenen ulag durnuklylygy bilen bagly üç ýyllyk sammitler maksatnamasynyň ikinji bölegidir. Forumyň meýdançasynda ITF-ä agza 69 döwletiň ulag ministrleri, öňdebaryjy pudaklaýyn kompaniýalaryň...
Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy
2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda türkmen tarapy 5-6-njy maýda geçirilmegi meýilleşdirilen «Yerevan Dialogue 2026» atly abraýly halkara forumyna gatnaşmaga çakylygy üçin ermeni tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Gepleşikleriň barşynda diplomatlar iki döwletiň arasyndaky syýasy-...