img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MILLI YKDYSADYÝETIMIZI ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERI BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary oku...

DOWAMY
pic
10 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝURDUŇ DIPLOMATIK GULLUGYNA BEREN TABŞYRYKLARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGINE DEGIŞLILIKDE TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE MEJLIS GEÇIRILDI

Şu gün, 2021-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn mejlisi geçirildi. Mejlise şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-d...

DOWAMY
pic
7 Few

SAÝLAWLARYŇ ÖŇÜSYRASYNDAKY MÖHÜM TAPGYR

Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 28-nji martda boljak saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär. Saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, 6-njy fewralda dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi. Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary öz mejlislerinde hödürleýärler. Olaryň dowamynda ýurdumyzyň kanunçykaryjy edarasyna halk wekili bolmaga has mynasyp dalaşgärler görkezilýär. Dalaşgärleri hödürlemegiň tertibine laýyklykda, syýasy partiý...

DOWAMY
pic
6 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «ТАLIBAN» HEREKETINIŇ SYÝASY EDARASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň «Таliban» hereketiniň syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Molla Abdul Gani Baradaryň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmagyň hem-de saklamagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda owgan halky...

DOWAMY
pic
5 Few

RESMI HABAR

“Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýerleşýän geografik obýektiň çäklerinde aýratyn häsiýetleri şol obýekt üçin mahsus bolan tebigy we (ýa-da) etnografik şertleri bilen kesgitlenilýän harydy haýyşnamaçynyň öndürýändigini tassyklaýan resminamany bermäge ygtyýarly döwlet edaralarynyň sanawy tassyklanyldy.

DOWAMY
pic
4 Few

HÜNÄRMENLER MIGRASIÝA MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

Şu gün paýtagtymyzda Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň ýurdumyzdaky bilermenleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.  Oňa türkmen tarapyndan Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri gatnaşdylar.  Onda şu ýyl üçin bellenilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşy jikme-jik ara alnyp maslaha...

DOWAMY
pic
4 Few

TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ AZIÝA WE ÝUWAŞ UMMANY SEBITI BOÝUNÇA YKDYSADY WE DURMUŞ MESELELERI BOÝUNÇA KOMISSIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGY GIŇELDILÝÄR

2021-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Armida Salsiýa Alişahbana bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha b...

DOWAMY